JEMGYÝETIŇ GÜÝJI ÝAŞLARDA

      Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň her bir güni şanly wakalara ýatdan çykmajak senelere beslenýär. Gülleýän, gül açýan ýurdumyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky bosagada duran täze 2024-nji ýyly uly dabara, şatlyk şowhun bilen garşy alýar. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarmyzy giňden wagyz etmek maksady bilen “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde  “Jemgyýetiň güýji ýaşlarda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbileýelemek, olaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär.

      TMÝG-sy ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlaryň isleglerini kanagatlandyrmak ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek boýunça uly işler alyp barýar.

      Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar özlerine bildirilýän belent ynam hem-de döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýaş nesilleri Watanmyzyň beýik geljegini gurujylar hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklaryna beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Gülsoltan ŞALLYÝEWA,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünarmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI