Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda taryhymyzdan maglumatlar, gadymy rowaýatlar ýurdumyzyň häzirki durmuşynyň wakalarynyň mysalynda çuňňur we hemmeler üçin düşnükli derejede açylyp görkezilýär. Maglumatlara baý bolan bu kitapda Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň peýda bolmagynda we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna möhüm ornuň degişli bolandygyny aýratyn belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň “Günbatarda irki zamanlarda “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly, orta asyr Gündogarynda hem “Ähli ýollar Merwe eltýärler” diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl” diýlip başlanýan “Gadymy Merw” atly bölümindäki: “Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýen sözleri okanyňda, ýüpekçiligiň taryhy barada käbir maglumatlary ýadyňa salýar.
Ýüpek gurçugynyň pilesinden ýüpek almagyň usulyny hytaýlylar mundan 5 müň ýyl ozal tapypdyrlar. Hytaý rowaýatyna görä, ilkinji ýüpegiň alynmagy imperator aýal Si Ling Çi tarapyndan amala aşyrylypdyr. Günleriň bir güni Şa zenany çaý içip otyrka, onuň käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Ol käseden piläni çykarjak bolup ýüplüginden çekende, pile çözülip başlapdyr. Şeýlelikde, ilkinji ýüpek alnypdyr. Birnäçe ýyl geçenden soň, ýüpekçilik Hytaýyň köp ýerlerine ýaýrapdyr. Has takygy, miladydan öňki birinji müňýyllygyň ikinji ýarymynda bu ýerde ýüpekçilik giň gerime eýe bolupdyr. Şol wagt ýüpekden mata dokapdyrlar, salgyt töläpdirler, ony söwda hasaplaşygynda ulanypdyrlar.
Bu söwda ýolunyň başlangyjy hytaýly täjir, syýahatçy we köşk goraýjysy Çžan Süýanyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Miladydan öňki II asyrda ol Merkezi Aziýa syýahat edipdir. Şondan bäri Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň söwda-medeni gatnaşyklary barha ösüpdir. Gymmatly ýüpek matalar hytaýly söwdagärleriň esasy harydy bolup, ol Günbatar ýurtlarynda uly islegden peýdalanypdyr. Ýewropa bazarlarynda ýyndam atlara, olara iýmlik ýorunja, şeýle hem üzüme, pagta tohumlaryna, çaýa, farfora uly isleg bolupdyr, şonda-da ýüpek esasy harytlyk gymmatyny ýitirmändir. Şol sebäpden-de, şol harytlaryň gatnadylan ýoluna “Beýik Ýüpek ýoly” diýip at berlipdir. Oňa bu ady goýan nemes alymy F.Rihtgofen bolupdyr. Ýüpek ýoly dünýä halklarynyň diňe ykdysady durmuşyna, söwda işleriniň rowaçlanmagyna däl, eýsem, olaryň medeni durmuşyna, sungatynyň baýlaşmagyna, gülläp ösmegine, kämilleşmegine uly täsir edipdir.
Abdymurat AHMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.