ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de, türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Bulardan başga-da, “Türkmeniň keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” we “Molla Ependiniň şorta sözleriniň gürrüň berijilik däbi” ýaly milli gymmatlyklarymyz maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Bu günki gün ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Bagtyýar ýylymyzyň şanly ösüşleriniň dowam edýän taryhy gününde, ýagny şu ýylyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Strategiýa ýaşlarymyzyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde halkara hukuk binýadydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem, bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Bu bolsa, ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze gözýetimleri açýar we giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýaňy-ýakynda, has takygy şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýaşlar wekiliýeti Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň çäklerindäki Ýaşlar forumyna işjeň gatnaşdy. Bu forum halkara guramanyň durmuş we ynsanperwer ylymlary bölümi tarapyndan guralyp, agza döwletleriň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli pikir alyşmalary geçirmäge oňyn mümkinçilik boldy. Şu ýylyň 16-njy noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forum ýokary derejede geçirildi. Halkara ýaşlar forumynyň üstünlikli geçirilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurultaýynda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Utgaşykly guralan halkara foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamynyň wekilleri, şeýle hem Hytaýdan köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Bu forum BMG-niň “Ýaşlar – 2030” strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär. Forum dürli sebitleriň, dürli medeniýetleriň garaýyşlaryna wekilçilik edýän ýaşlar toparlarynyň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmäge, ýaşlar diplomatiýasyny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu halkara çäre ýaşlaryň halkara işjeňligini artdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge möhüm esasdyr. Şundan ugur alsak, şeýle halkara forumyň netijeleri boýunça ýaşlar ýakyn hyzmatdaşlygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmagy mundan beýläk-de ösdürmek barada umumy pikiri goldadylar.
Biz — ýaşlar üçin uly aladalar edýän, ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris!
Amansoltan NURYMOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
19-njy orta mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.