Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň giň we köp ugurly döredijilik dünýäsi üstünden ençeme ýyllar geçse-de tutuş adamzat üçin gymmaty egsilmeýän hazynalar ummany ýalydyr. Şahyryň döredijiliginde durmuşyň ähli pursatlaryndan söz açýan pikirlere gabat gelmek mümkin. Akyldaryň şygyrlarynyň aýratynlyklarynyň biri-de onuň nesil terbiýesindäki ähmiýetidir. Çünki Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň durmuş we pelsepewi ýörelgelerinden, oňlanýan häsiýetlerden söz açýan şygyrlary diňe bir türkmen jemgyýetinde däl, eýsem, halklaryň ählisinde watansöýüji, edep-ekramly, görüm-göreldeli nesilleri terbiýelemekde öz gymmatyny ýitirmeýän dürdäneleriň hatarynda arzylanylýar.
Hut şonuň üçin hem gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda hem aýratyn orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaňy-ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň geljek ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Dünýäniň iň abraýly guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan bu hoş habar şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň ýubileýiniň dünýäniň şanly seneleriniň hataryna goşulmagy beýik şahyryň döredijiliginiň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawynda aýratyn orna eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki wagtda biz ajaýyp döredijiligi, umman ýaly giň mana eýe bolan şygyrlary bilen ýüreklerde, göwünlerde we döwürlerde müdimilik orun alan söz ussadynyň uly ynam we umyt eden eýýamynda ýaşaýarys. Biz ýaş nesli millilik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerimizde dana şahyrymyzyň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Şonuň ýaly-da geljek ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli okuwçylar bilen edebi we döredijilik agşamlaryny, şygyr bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. dana şahyryň şygyrlar toplumlaryndan sergileri guraýarys.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbini tutujy, umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny ebedileşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun.
Ogulgerek ALLAMYRADOWA,
Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.