«MERDANA NESIL – 2023» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

        Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, bu günki gün ýaşlara uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, ýaş nesilleriň zehinli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde yglan eden umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synyplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda geçirilýän “Merdana nesil 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik jemi 3 şertden ybarat bolup, oglanlar ýürek buýsanjyňy çeper sözler bilen beýan etmek, ýekelikde şorta sözleri aýtmak, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyş etmek ugurlar boýunça bäsleşdiler.

        Bäsleşigiň jemi boýunça baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenildi.

        Baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Haknazarow Şamährem mynasyp boldy. Şeýle hem, 1-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Tagannurow Arzuw, 2-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 30-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jumadurdyýew Salyh, 3-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Geldiýew Abdyrrahman dagylar mynasyp boldular.

        Her ýylda yzygiderli geçirilýän, döwrümiziň ajaýyp däpleriniň biri hasaplanýan “Merdana nesil” atly şadyýan bäsleşik mekdep okuwçylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Çagalaryň ruhy-aň taýdan ösmegi, ahlak-edep taýdan kämil bolmagy ugrunda amala aşyrylýan işleriň beýany bolan bu şadyýan bäsleşigiň her ýylda kämil guramaçylyk derejesinde geçýändigi ýaşlaryň aňynda watançylyk duýgularynyň çuňdan ornandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Aýnabat ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI