SARAHS BABANYŇ MÜŇ ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

      2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” okuw merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň guramagynda türkmen halkynyň beýik şahsyýeti Sarahs babanyň müň ýyllygyna bagyşlanyp duşuşyk çäresi geçirildi.

      Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda esasan, yslam taryhynda möhüm orny eýeleýän Abul Fazl Sarahsynyň ömür ýoly we onuň döredijiligi bilen bagly birnäçe taryhy hekaýatlardyr rowaýatlar dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.

      Şunuň ýaly duşuşyk çäreleri ýaş nesilleriň Watana wepaly, milli däp-dessurlara hormat goýýan we öz geçmiş taryhyny bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Hususan-da, taryhda uly meşhurlyk gazanan şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny öwrenmek biz – ýaşlar üçin möhüm wezipe bolup durýar.

 

Hojamyrat BAÝLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY