KITAP OKAMAK BAGTY

      Sallançakdan tä ömrüň ahyryna çenli okamagyň, öwrenmegiň sargyt edilmegi ynsanyň kämil ýaşamagy hakyndaky pelsepeden ugur alýar. Doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek üçin taýýarlyk görülýän beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligine salgylansaň, okamagyň ähli üstünlikleriň açarydygy hakyndaky ganatly jümleleriň manysyna düşünýärsiň. Magtymguly atamyz: “Kitap okan gullar magnydan dokdur...” diýip kitabyň ynsany kämilleşdirýändigini nygtasa, Abdyrahman Jamy kitabyň iň ýakyn dostdugyny nygtap şeýle diýýär:

 

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy.

Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,

Pähmiňi goýaldar, pikirleň şasy.

 

Akyldarlaryň biriniň: ”Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys” diýen setirlerinde-de kitabyň adamzadyň ýakyn dostydygy barada aýdylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlaryny diňläniňde, pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryny okanyňda, ähli şowlulyklaryň gözbaşynda okamak, öwrenmek durandygyny görmek bolýar. Alym Arkadagymyzyň tagallasy bilen çapa taýýarlanylyp, okyjylara gowşan “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitapda okamagyň ähmiýeti hakynda onlarça nakyllar ýerleşdirilipdir:

 

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer;

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora;

Kitap okamaýan bir dil biler, Kitap okaýan kän dil biler;

Kitaby magşuk saý, özüňi – aşyk;

Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir;

Kitaby har saklamak günädir;

Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz;

Işiň ussasy – okamak;

Okamak – iňňe bilen guýy gazmak.

 

Bu dürdäne pikirler okamagyň bagtdygyny, öwrenmegiň derejedigini, kämilleşmegiň şertdigini ýatladýar. Şonuň üçin “Kitap okamak bagty” diýen jümläniň aňyrsynda jemgyýetiň talap edýän esasy ýörelgesiniň ýatandygyny ýaşlara ýatlatmak isledik. Ylymly-bilimli ýaşlar bolsa okan kitaplaryndan kämilleşmegi, diýmek, Watany söýmegi, pederlere, ata Watana mynasyp nesil bolmagy, zamana mynasyp ýaşamagy kalplaryna siňdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň: “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýen parasatly ýörelgesiniň many çuňlugyna aralaşsaň, onuň her bir adamyň Watanyny beýgeltmek üçin kämil bolmalydygyna, ýagny okamalydygyna, öwrenmelidigine göz ýetirýärsiň.

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI