ARKADAG ŞÄHERI – BAGT ŞÄHERI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek baradaky alyp barýan beýik işleriniň netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň geljegini nazarlaýar. Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri göreniň göwnüni göterýär. Dünýä nusgalyk şäheriň gözelligini görmäge göz gerek, taryplamaga söz gerek.

    Häzirki döwürde şähergurluşyk tejribesiniň gazananlaryny, iň kämil tehnologiýalary we innowasiýalary, milli ülňüleriň özboluşly sazlaşygyny hem-de Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasynyň miwelerini özünde jemleýän Arkadag şäheri tebigy aýratynlyklary, arassa howasy, gözel keşbi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin sanly ulgamyň ýola goýulmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi ylmyň iň täze gazananlaryndan ugur alnandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýaşaýjylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Dünýä nusgalyk şäherde adamlaryň okamagy, döredijilikli işlemegi, göwnejaý dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler bar. Hut şonuň üçin hem Arkadag şäherini bagtyň şäheri diýip atlandyrýarys.

    Şeýle-de Arkadag şäheriniň çäginde bina edilen ähli desgalary, ýaşaýyş jaýlary döwrebap aragatnaşyk ulgamlary bilen doly üpjün etmek boýunça taýýarlanan tehniki şertlere laýyklykda, olaryň her birine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary doly çekildi. Şäheriň seýilgählerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi.

    Gurnalyp işe goýberilen sanly ulgamlar, Arkadag şäherinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga, elektron maglumat gorlaryny döretmäge, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, şäherde sanly bilim hem-de sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmäge, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, şäher boýunça döwrebap maglumat geçiriji ulgamlary döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

    Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny bir mekana jemlän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli başlangyçlary rowaç bolsun!

 

Hajymyrat MUHAMMETORAZOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY