ORTA ASYRLARDA TÜRKMENLER KOFE IÇGISINI «KÄBE ŞERBETI» DIÝIP ATLANDYRYPDYRLAR

      Beýik Ýüpek ýolunyň orta asyrlardaky rowaçlanan zamanasynda, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gülläp ösen döwründe türkmenler kofe içgisini «Käbe şerbeti» diýip atlandyrypdyrlar. Bu barada ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanynyň ikinji kitabynda şeýle düşündiriş berilýär: «Käbe şerbeti – kofe. «Kofe» sözi Käbe söz kökündendir. Kofäniň ilki dörän ýeri hem Arabystandyr».

      Ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanynyň ikinji kitabynda Togrul begiň hatyny Altynjanyň içi eljuk islän wagty, onuň akgyzlarynyň oňa owkatyň ýany bilen käbe şerbetini ýagny kofe içgisini hem getirip berendigi barada çeper beýan etmeler bar. Munuň özi, kofäniň – Käbe şerbetiniň 993 – 1063-nji ýyllarda-da – Togrul begiň ýaşan döwründe hem esasy içgi hökmünde ulanylandygyny aýan edýär. Diýmek, esasy içgi hökmünde IX asyrda oýlanyp tapylan kofe – Käbe şerbeti bütin dünýäde ilkinji gezek ulanylyp başlanan döwründen başlap biziň ýurdumyzyň çäklerine-de ýaýran eken.

Ynsanyýeti özüne çekiji içgileriň biri bolan kofe häzirki döwürde-de biziň ýurdumyzyň çäklerinde bütin dünýäde bolşy ýaly, ertirlik naharynda ýa-da iş ýerinde içilýän esasy içgileriň biri hökmünde ulanylýar. Häzirki ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli işewürlere döredip berýän giň mümkinçilikleriniň esasynda türkmen telekeçileri hem kofe önümçiligini ýola goýdular. Indi, ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň ählisinde diýen ýaly haryt nyşany türkmen milli atlary bilen atlandyrylan kofelere gabat gelmek bolýar. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde Fransiýanyň «Agrenium» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Etien Sours bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzda kofe ösdürip ýetişdirmegiň usullary hakynda pikir alşyldy we häzirki wagtda hem bu işler yzygiderli dowam etdirilip, ýakyn geljekde türkmen topragyndan kofe hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär. Munuň özi, kofe önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçilerine ýerli çig maldan peýdalanmaklyk mümkinçiligini döreder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkyna asuda hem abadan ýaşaýşy, bolelin hem eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

Toýly JÄNÄDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI