TÜRKMEN BEDEWLERI – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda behişdi bedewleri  ýetişdirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

        Häzirki wagtda Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde barlaghana, zootehniýa, klinika, genetika bölümleri hereket edýär.

        Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atlarda dürli görnüşli ýokanç we ýokanç däl keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak we ylmy taýdan öwrenmek üçin anyklaýyş barlaglarynyň ähli görnüşleri geçirilip, atlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen işleriň ählisi amala aşyrylýar. Şol sanda ylmy-kliniki bölüminde atlardan tohum almak we olary emeli usulda tohumlandyrmak işleri,  zootehniýa bölüminde ahalteke atlarynyň iýmitlendirilişi, tohumçylygy we idediliş aýratynlyklary, molekulýar-genetika bölüminde ornaşdyrylan dünýäniň öňdebaryjy kämil enjamlarynyň kömegi bilen ahalteke atlarynyň arassa tohumyny, hilini we garyndaşlyk derejesini ýüze çykarmak we hasaba almak ýaly işler ylmy taýdan ýerine ýetirilýär.  Bu agzalan ylmy işleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-önümçilik merkezimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalarynyň netijesinde häzirki zamanyň öňdebaryjy innowasion tehnologik enjamlary ornaşdyryldy.

        Taryhy maglumatlara ser salanymyzda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň juda köpdügine buýsanjyň artýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeni gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmek we olara akyl ýetirmek hem-de geljekki nesillerimize miras galdyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

        Eziz halkymyzyň baý medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Selbi AMANOWA,

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinar barlaghanasynyň serologiýa bölümçesiniň laboranty, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY