«JINGLE BELLS» AÝDYMY

      Dürli reňkli yşyklardyr oýnawaçlar bilen birlikde olaryň düwmelerini basanyňda ýaňlanýan Jingle bells aýdymy dünýä ýüzünde iň meşhur aýdymdyr. Ajaýyp aýdym 1857-nji ýylda döredilýär. Aýdymyň sazyny we sözlerini Jeýms Lord Pýerpont ýazýar. Aýdymy ilkinji gezek iňlis aýdymçysy Frenk Sinatra ýerine ýetirýär. Ol iňlisleriň milli baýramy bolan Minnetdarlyk gününe bagyşlanyp, ol ilki «One Horse Open Sleigh» diýlip atlandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Täze ýyl baýramynyň aýdymyna öwrülip, uly meşhurlyk gazanypdyr. Bu aýdym 1965-nji ýylda kosmosda eşitdirilipdir we älem giňişliginde ilkinji ýaňlanan aýdym hökmünde taryha giripdir.

 

 

Taýýarlan:Akjemal NURYMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy

etrap Pensiýa gaznasynyň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY