AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLARYŇ TARYHYNDAN

           Türkmen at üstünde oýnalýan oýunlary iki ýarym müň ýyla golaý mundan ozal döräpdir. Biz muňa türkmen dessanlaryna, nusgawy edebiýatyna ser salsak hem göz ýetirýäris. «At üstünde gylyçlaşmak», «At üstünde naýza zyňmak» ýaly oýunlar, adyndan belli bolşy ýaly, gadymy atly söweşlerinde at üstündäki nökerleriň ulanan söweş tilsimleriniň biziň günlerimize oýun görnüşinde gelip ýeten görnüşidir.

        «Wellem şaha», «It urşy» ýaly at üstünde oýnalýan oýunlaryň hem söwes tilsimleri bolandygyny biz «Görogly» şadessanyndan bilýäris. Bu oýunlarda söweş tälimi, söweş taktikasy duýulýar. Meselem, «Wellem şaha» oýny aty çar tarapa çapdyrmak, «söweş» meýdanynda eliňe taýak alyp, pyýada goşunyň üstüne atly çözmak görnüşinde oýnalýar. «It urşy» bolsa, «gaçdym-kowdum» görnüşinde oýnalýar.

        Harby at oýunlaryndan başga hem türkmenlerde at üstünde oýnalýan oýunlaryň birtopary bar. Olardan «Telpek gapdy» oýny hem bize gadymdan miras galan oýunlaryň biri. Bu oýunda çapyp barýan atyň üstünde telpegiňi ýokary oklap, soňra ony gaçyrman gapmak talap edilýär. «Owlak çapdy» oýny iki topar atlylaryň arasynda oýnalýar. Oýunda orta atylan owlagy kim alsa, şol utujy hasaplanýar. Bu oýnuň başgaçarak oýnalýan görnüşi hem bar. Bu görnüşinde orta atylan owlagy haýsy topar bellenilen derweze ýere köp eltip taşlasa, şol topar utujy hasaplanýar.

        «At üstünde ýigitler oýny» çapyp barýan atyň üstünde dürli aşyrymlar etmek, dürli maşklary ýerine ýetirmek ýaly amala aşyrylýar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän oýunlarynyň bu görnüşini ýerine ýetirmekde ussatlyk gazanýarlar, tomaşaçylary haýrana galdyrýarlar.

        «Çowgan» – «Atly polo» oýunda iki atly topar at üstünde top oýnaýar. Atly toparlaryň hersinde 6 atly oýnaýar. Oýun jemi 30 minut oýnalýar. Oýunda haýsy topar garşydaşynyň  derwezesinden köp top geçirse, şol topar utujy hasaplanýar.

 

 

Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY