Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Olaryň berk bedenli, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer, maksadaokgunly, ýokary medeniýetli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özleri biz — ýaşlara görelde bolýar. Olaryň her bir sözi, her bir hereketi biziň üçin bahasyny ölçäp bolmajak, terbiýe mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň göz guwanjy, milli buýsanjy, ruhy daýanjy, köňül küýsegi bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga, onuň şygyrlaryna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň kitaplarynda, çykyşlarynda beýik şahyrymyzyň şygyrlaryna ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Türkmenistan bilen dost-doganlyk aragatnaşygyny saklaýan dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň uly şäherlerinde: Ankarada, Kiýewde, Astrahanda Magtymgulynyň heýkeliniň dikeldilmeginiň aňyrsynda hem ýurt Baştutanymyzyň çäksiz aladalary, uly hyzmatlary bar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz — ýaşlara akyldar şahyrymyzyň goşgularyny içgin öwrenmegi, ondan görelde almagy nesihat edýär. Çeper edebiýata çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, biz beýik şahyryň goşgularyny, eserlerini uly höwes bilen okaýarys we öwrenýäris, ony durmuşda özümize ýol-ýörelge edinýäris. Şahyryň watançylyk temasynda ýazan goşgulary bizi diýseň tolgundyrýar. Ol “Gidiji bolma” diýen goşgusynda:
Gel, köňlüm men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma!
– diýip, öz mähriban ýurduňdan hiç-haçan ýüz öwürmezligi nesihat edýär we bu pikirini hasda ösdürip:
Eşit adam dogan-ilden,
Gaýry mähriban ýurt bolmaz!
– diýip nygtaýar. Şahyr Watan diýen düşünjäniň mukaddesligini, mähribanlygyny, ýeke-täkligini çeper sözleriň üsti bilen, iňňän täsirli beýan edýär. Bu setirleri okanyňda, gudratyny söz bilen düşindirip bolmaýan, bir mukaddes duýgy aňyňa ornaşyp, ol süňňüňe siňýär. Bu, megerem, şygyr diýilýän senediň Magtymgulynyň gudraty bolsa gerek.
Akyldar şahyrymyz özüniň bütin ömründe ähli türkmen tire-taýpalarynyň agzybir bolup, bir bitewi türkmen döwletini gurmaklygyny we şol döwletde bir agza bakyp, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny arzuw edip ötüpdir.
Biz häzir şahyryň şol garaşan ajap eýýamynda ýaşaýarys. Ýurt Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň, watançy şahyrymyzyň eden arzuwlaryyň ählisi hasyl boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ýoly bilen bagtly geljege tarap ynamly öňe barýar.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.