Arkadagyň yhlasyndan hoş bolan türkmen ili,
Buýsan geljek täze ýylym – Magtymgulynyň ýyly.
Ýaşlar ýylyn tamamlaýyp, täze ýyla rowan bolýas,
Arkadagly Serdar bilen dowamata dowam bolýas.
Ösüşlermiz bedew batly. Çünki bedew simwolymyz,
Bedewiň waspyn eýleýär Pyragyň hem şygyr ýoly.
Hakykadyň hakydasyn aýan edýär bu gözler,
Buýsanjymdan oýa batsam, sere gelýär şu sözler:
«Beýik Allam türkmeniňe beýik Ogul berendir,
bak, Pyragym arzuw eýlän döwrüň gujak gerendir».
Pähim-paýhas zor bolanda, Watan güllär, il örňär,
Arkadagyň yhlasyndan bagta barýan ýol örňär.
Paýhasyňdan binýat bolan döwletim bar, döwrüm bar,
Bil, Pyragym dowamata dowam bolýan ömrüň bar.
Ýaşaýansyň ýüreginde şu bagtyýar illeriň,
Ylhamysyň, joşgunysyň bu gün saýrak dilleriň.
Arkadagym toýuň tutýar, Sizi baky ýaşadyp,
Nesilleriň tagzym edýär, alnyňyza baş atyp.
Şanly toýuň dabarasyn bütin dünýä giňden tutýar,
Size bolan hormat-sarpa tutuş ýer ýüzüni tutýar.
«Şanly seneler» sanawy, ÝUNESKO-nyň gymmaty,
Şol gymmatda orun aldyň, bütindünýäň hormaty.
«Dünýäniň hakydasy» hem, belent atlaň ykrary,
Şol ykrarda dünýä çykdyň, bolup türkmen dikrary.
Türki dünýäň akyldary hemem beýik şahyry,
Sensiň beýik Magtymguly, budur ýylyň şygary.
Bu şygarda jemlenendir türki dünýäň hormaty,
Şol hormatda aýan bolýar, Size goýýan gymmaty.
Üç ýüz ýaşyň gutly bolsun, beýik, dana Pyragy,
Pähim-parasadyň bilen ömre çaýdyň çyragy.
Arkadagym şygyr ýazdy, akyl derýasyn boýladyp,
Sere gelen jümlesini ylhamynda gaýnadyp.
Köpetdag deý beýik keşbiň, Köpetdaga görk berýär,
Paýtagtymyň çar künjünden, alyslardan görünýär.
Bu taslama Arkadagyň paýhasyndan bitendir.
Beýik Ogzuň şahyr ogly heýkel bolup dikeldi.
Berkarar döwletiň içre ulus-iller amandyr,
Arkadagly Serdar bilen bu bir ajap zamandyr.
Gör, Pyragym milletiňde Milli Lider Gahryman,
Ilini Gün kimin çoýýan dana Weli mähriban.
Jebisligiň ykrarynda döwletiň döwranadyr,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman merdanadyr.
Bagtyýarlyk baky bagtym, dowam boldy ömrümize,
Hak halatly Arkadagym, nur çaýypdyr döwrümize.
Toý-dabaraň daglar aşyp, şygyrlaryň diňlenip dur,
Ajap eýýam waspyn edip, nesilleriň hiňlenip dur.
Bu ýyl üç ýüz ýaşaýaň sen, mertebesi artyp ömrüň,
Kalbymyzda ýaşadykça, baky bolar ündän döwrüň.
Hyýalyňda wysala öwrüp, gaýym goýan Türkmen binaň,
Şygyrlarňa baky siňip, bolupmydy on iki synaň?!
Ömrümize döwür beren, Türkmen binaň baky boldy,
Ony binýat etmek bolsa, Hak Halatlyň haky boldy.
Hak Halatly Arkadagyň şygarynyň çyragy,
Seniň ündän paýhasyňy wysal etmek Pyragy.
Kämil döwlet, kämil nesil syýasaty Arkadagyň,
Bu şygary wysal edýän dowamaty Arkadagyň.
Milli Lideriň yhlasy durmuşyň ak gülüdir,
Iki müň ýigrim dördünji ýyl – Pyragynyň ýylydyr.
Toýly Jänädow
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary
etrap Geňeşiniň hünärmeni.