Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokary derejelere göterilýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giňden makullanylýar, ykrar edilýär we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanýandygyny ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi hem muny aýdyň subut edýär. Şeýle belent çözgütleri işläp düzmekde we öňe sürmekde Türkmenistan özüniň milli bähbitlerini we ileri tutýan daşary-syýasy garaýyşlaryny, dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylykly ýörelgelerini esas edinmek bilen bilelikde, umumadamzat bähbitlerini we ählumumy ösüş maksatlaryny hem ugur edinýär.
2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu taryhy resminamanyň BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan goldanylyp, döredijileri bolup 48 döwletiň çykyş etmegi has-da buýsançlydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapan bu halkara resminamanyň möhüm syýasy ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe dörän dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ýagdaýyny üpjün etmekde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli işini ýola goýmak we bökdençsiz hereketini üpjün etmek zerur bolup durýar. Çünki ulag ýollary ykdysadyýetiň gan damarlary hasaplanýar. Şunlukda, dünýä ykdysadyýetiniň ulag ýollary arkaly söwda gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýaramaz täsirlerini azaltmakda oňaýly täsirini ýetirýär.
Taryha nazar salsak, ulag ýollarynyň halkara ähmiýetini artdyrmak meseleleri köp ýyllardan bäri döwletimiziň üns merkezinde durýar. Has anyk mysallara ýüzlensek, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnamany aýratyn bellemek gerek. Bu resminama hem ulag diplomatiýasynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynda turuwbaşdan ulag diplomatiýasynyň döredilmegi bilen, ýurdumyz ulag-aragatnaşyk babatdaky döwlet strategiýasyny durmuşa geçirýär. Parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli gatnaşyklara ygrarly döwletimiz ähli döwletler we halklar üçin bähbitli boljak täze multimodal ulgamyň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ulag-aragatnaşyk syýasaty dünýäniň iri guramalary we köp sanly döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm syýasy ugruna öwrülýär.
Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara syýasy başlangyçlaryny goldaýar. Okgunly ösýän we dünýäniň syýasy-ykdysady kartasynda ornuny berkidýän ýurdumyzyň daşary syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Bu ulag diplomatiýasy babatynda hem şeýledir.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy, ýaş alym.