Pençak-silat – Indoneziýanyň milli başa-baş söweş sungatydyr. Ol şeýle hem, Malaýziýada-da umumy söweş sungatyna girýär. Pençak-silat bilen meşgullanmak üçin ýörite hususy usullar ulanylýar. Sözüň manysy barada gürrüň edende bolsa, pençak sözi «özüňi howpdan goramak üçin beden hereketiňi özgertmek» manysyny berýär. Silat penjagyň söweşde ulanylyşydyr. Pençak adatça, Indoneziýada ýerleşýän merkezi we gündogar Jawa adasynda, Silat bolsa, ýurduň günbatarynda ýerleşýän Sumatra adasynda ulanylýar. Söweş sungatynyň bu görnüşi esasan-da dört sebitiň – Günorta-gündogar Aziýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Ýaponiýanyň täsiri esasynda ýaýraýar.
Pençak-silat dünýäde giň ýaýran söweş sungaty bolup, hat-da ýörite halkara federasiýa hem hereket edýär. Ol gysgaça PERSILAT, ýagny, «Persekutuan Pencak Silat Antara Bangsa» diýlip atlandyrylýar. Federasiýa 1947-nji ýylda döredilýär.
XIX-XX asyrlarda ussat pendikar, 1944-nji ýylda aradan çykan Saerodiwirjo Ýawa adasynda bolanda dürli söweş usullaryny jemläp, bir ugra gönükdirmegi başarýar. 1903-nji ýylda pençak-silatyň ilkinji usuly, ýagny, «Setýa-hati-terate» peýda boldy. Bu usul garşydaşyň ýüregine howsala salmaga niýetlenendir. Ýagny, muny şeýle düşündirmek mümkin. «Gorkyny kowmak» (özüniň şahsy hereketi esasynda), «Göz-göze» (gözleri arkaly howsala salmak), «Söweş pursatynda howsala etmek» (garşydaşyňy barha howsala salmak) ýaly usullar giňden ulanylýar. Ýaponiýanyň we Hytaýyň täsiri esasynda bolsa, pençak-siladyň has kämil usullary hem peýda boldy.
Ussat halypa Dirjoatmojo boş eli bilen söweş etmegiň üç sany esasy usulyna üns beripdir. Olar towlanma kepjebaş usuly, bogma gömülgen usuly we ýolbars usuly. Towlanma kepjebaş usuly edil kepjebaşyň towlanyşy ýaly pendikar garşydaşynyň daşynda towlanyp aýlaw edýär. Birdenem, ol garşydaşy duýmanka, el we aýagy bilen, iki-üç gezek zarba berýär. Bogma gömülgen usuly arkaly, garşydaşy aýaklaryň arkaly bogýarsyň we towlanýarsyň, garşydaşyň üstünden basýarsyň. Ýolbars usuluny bolsa, diňe typançak ýa-da yzgar ýerlerde ulanmak amatly hasaplanýar. Çünki bu usul iki eliň we iki dyzyň üstünde durmak arkaly amala aşyrylýar.
Şeýle-de, pençak-silatyň Delima, Budoja, Çampak-puti, Ýawa adasyndaky Perisaý-diri, Sumatra adasyndaky Atçek we Baru, Bali adasyndaky Bakti-negara, Eka-sentoza, Malukka adasyndaky Batumerah ýaly usullary hem bellidir.
Pençak silat bilen meşgullanýanlara adatça pendikar diýlipdir. Eger siz bu ugurda ussatlyga ýetseňiz, ussatlygyň derejesi hökmünde pendikar derejesi berilýär. Pendikaryň maksady, gysga wagtyň dowamynda, garşydaşyňy maksimal derejede ýeňilmäge mejbur etmek. Eger-de siz şu söweşe ykbalyňyzy baglap, onda ussat hünärmen – pendikar bolmakçy bolsaňyz, ilkinji nobatda, söweşiň syrlaryny magat öwrenip, dört-bäş topardan düzülen onlarça adama şol bir wagtyň özünde, zarba bermäge taýýar durmany başarmaly. Hat-da, bu babatda şunuň bilen meşgullanýanlar synag tabşyrýan ekenler. Ondan daşgary, bu ugurdan pendikarlyga dalaşgär synag dowamynda dürli berk tagtalary-da syndyrmak ýaly agyr şerti-de ýerine ýetirmeli. Bu şertiň özi, synagçyň dem alyş ulgamynyň ösüş derejesini görkezýär. Şeýle şertleri ýerine ýetirmek arkaly, pendikar bolmak mümkin.
Aslynda, pendikar sözi terjime edilende, «Kämilleşen aň» manysyny berýär. Bu ýerde hereketiň däl-de, ilkinji nobatda, beýnidäki akyl işjeňligi, beýni bilen görmekligi, duýmaklygy, onsoň içki bedeniň berk uýgunlaşmagynda, hereketi amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu söweş bilen islendik ýaşda meşgullanmaga mümkinçilik bar. Ondan daşgary, häzirki döwürde pençagyň tebigy ýagdaýlygy, ýagny gönümel, aç-açan hereket mümkinçilikleri artdyryldy. Ýene bir zady ýatdan çykarmaly däl, eger bu söweşde meşgullanmak islegiňiz bolsa, ony ýönekeýje bedenterbiýe türgenleşiginden başlap bilersiňiz. Unutmaň, eger-de pençak-silatda garşydaşyňyz bilen güýjüňiz deň gelse, onda siz nätanyş bir usuly peýdalanyp bilersiňiz.
Pençak-silat esasan iki usuldan, ýagny el we dürli gurallardan peýdalanmak usulyndan durýar. Döwrebap söweşiň elliden gowrak görnüşi giňden ýaýrandyr. El usuly, el-aýak, dyz-tirsek ýaly beden agzalarynyň kömegi bilen zarba beriş, bogmak, mäkäm tutup, aýlandyryp ýykmak ýa-da käbir agyry dörediji usullary peýdalanmagy öz içine alýar. Dürli gurallardan peýdalanmak usuly hem ulanylýar. Esasanda kris, ýagny ujy tolkunsypat uzyn hanjar, pisaý, ujy gysylan uly pyçak, pyçagyň paraň we golok ýaly görnüşleri, gylyjyň kelewang görnüşi, uzyn taýak hasaplanýan toýa, gysga taýak – pen-çong, naýza görnüşi bolan tombak, orak görnüşindäki arit, şeýle-de, pedang ýaly gurallar giňden ulanylýar.
Pendikarlyk edýän, ýagny, bu söweş sungaty boýunça halypalyk edýän dünýä belli pendikarlar az däl. Gollandiýadan Jorj Fredriks, Şweýsariýadan Ralf Irminger, Angliýadan Aýdinal Al Raşid, Fransiýadan Erik Şatelýe, Germaniýadan Hiltrud Kordes, Awstriýadan Gýunter Ertl, Belgiýadan Lýudo Piters, Kelli Piters, Russiýadan Waleriý Maýstrowoý dagylaryň atlaryny belläp geçmelidir. Olar ussat pendikarlardyr.
Pençak-silat boýunça geçirilen dünýä çempionatlary hakynda hem aýratyn bellemelidiris. Çempionatlar her 2 ýa-da 3 ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu wagta çenli jemi 14 çempionat geçirildi. Ilkinji pençak-silat boýunça dünýä çempionaty 1982-nji ýylda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçirildi. Şondan soň degişlilikde Malaýziýanyň, Awstriýanyň birnäçe şäherlerinde, şeýle hem Singapurda, Niderlandlarda, Tailandda geçirildi. XIV çempionat bolsa, 2010-njy ýylyň 12 – 17-nji dekabr aralygynda Jakarta şäherinde geçirildi. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan wekiller gatnaşdy.
Häzirki döwürde Ýewropada, şol sanda Amerikada pençak-silata islegiň barha artandygyny aýratyn bellemelidiris. Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur, Bruneý we dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlarynda pençak-silat federasiýasy döredilip, olar giň gerimde iş alyp barýar.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy, ýaş alym.