ŞIKESLERI BEJERMEGIŇ TARYHY

   Eýsem, siz ynsanyň saglygynda has möhüm bolan ugurlaryň biri bolan trawmatologiýa, ýagny şikesleri bejeriş ulgamy hakynda eşidip görüpmidiňiz?!

       Trawmatologiýa – grek sözüdir. Ol «trauma»-«ýara, döwük», «logos»-«ylym» diýen manyny berýär. Ynsanyň bedenindäki döwükleri we ýaralary dikeltmek hakyndaky ylymdyr. Has takygy, trawmatologiýa ylmy lukmançylygyň adamyň bedenine şikesleriň ýetirýän täsirini, olaryň netijelerini we bejeriş usullaryny öwrenýän bölümidir. Geçmişde trawmatologiýa daşky täsiriň netijesinde, adamyň bedeninde döreýän näsazlyklary öz içine alyp, soňra lukmançylyk ylmynyň ösmegi bilen, ondan birnäçe ugurlar bölünip aýrylýar. Häzirki döwürde, içki organlara ýetýän şikeslere hirurgiýanyň degişli bölümlerinde seredilýär. Trawmatologiýada süňklere ýetirilýän şikesleriň bejeriş usullary ortopediýadaky bejeriş usullaryna meňzeşdir, şonuň üçin häzirki wagtda, bu hünär «trawmatologiya we ortopediýa» diýlip atlandyrylýar. Trawmatologiýada ulanylýan bejeriş usullary terapewtik we hirurgiýa diýen iki topara bölmek bolar. Terapewtik usullara dürli daňylar we şikes ýeten ýerine immobilizasiýa etmek usullary degişlidir. Hirurgiýa usullara ýaranyň birinji we ikinji hirurgiki arassalanyşy degişlidir.

       Biziň eýýamymyzdan öňki, 2500 ýyl mundan ozal, Müsüriň baý adamlary elleri aýaklary immobilizasiýa etmekde palma ýapraklaryndan taýýarlanylan daňylary ulanypdyrlar. Eliň we aýagyň şikesleriniň bejergisi gadymy döwürden bäri mälimdir. Gadymy döwrüň beýik lukmany Gippokrat süňkleriň döwülmegini bejermek we çykan süňkleri ýerine salmak barada traktatlar ýazypdyr. Ol süňkleriň çykmagyny, döwülmegini we adamyň süňkleriniň gyşarmagyny hirurgiýa usuly bilen däl-de, gan çykarmasyz usul bilen düzetmegi maslahat berýär.

       Görşümiz ýaly, gadymy döwürlerde-de adamlar süňk döwülmelerini hirurgiki we beýleki usullar bilen bejeripdirler.

       Ortopediýa keselleri, daýanyş we hereket ediş ulgamynyň deformasiýalaryny, şeýle-de, olary anyklamagyň, bejermegiň hem-de öňüni almagyň usullaryny öwrenýän hirurgiýanyň bir bölümidir. Bu adalga iki sany grek sözünden bolup, orto – göni, dogry we pediýa – çaga, terbiýe diýmegi aňladýar. Pariž uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň professory Nikol Andriniň «Ortopediýa çagalarda bedeniň deformasiýasynyň öňüni almagyň we korrektirlemegiň sungaty hökmünde» atly iki tomluk kitabynyň çykan wagty, ýagny 1741-nji ýyly ortopediýanyň döredilen ýyly diýip hasap edilýär. Andri «Ortopediýanyň» düşündirilişine çagalaryň bedeniniň deformasiýasynyň öňüni almagyň we korrektirlemegiň dürli metodlarynyň öwredilmegini hem goşupdyr. Şeýle hem, oňa ortopediýanyň nyşanyny döretmek barada pikire degişlidir. Ol 1953-nji ýylda Londonda kabul edildi. Russiýada ortopediýa Sank-Peterburg şäherinde 1804-nji ýylda lukmançylyk-hirurgiýa akademiýasynda rus hirurgy, akademik Iwan Fedorowiç Buşuň tagallalary bilen döredi. 1807-nji ýylda Buş desmurgiýa we mehanurgiýa barada maglumatlar saklaýan hirurgiýa boýunça kitap çap etdi. Rus ortopediýasynyň ösmeginde, alym Pirogowa uly orun degişlidir. Ol  döwlen aýakdyr elleri gozgaman gaty saklamak üçin gips sargylary ulanmagyň arap usullaryny işläp düzdi we giňden durmuşa ornaşdyrdy. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Lukmançylyk-hirurgiýa akademiýasynda özbaşdak deamurgiýa we  mehanurgiýa kafedrasy döredildi. 1895-nji ýylda oňa Genrih Iwanowiç Turner ýolbaşçy boldy. Ol milli ortopediýanyň esaslandyryjysy hasaplanýar. Ol şu ugra degişli ählumumy okuw sapagyny geçirip, bu ugry amaly tarapdan ösdürmäge synanyşyk edýär, ýagny isleg bildiren adamlarda dürli daňylaryň goýluşyny görkezýär. Turneriň teklibi bilen, sapaklara gatnaşyjylar iki topara bölünip, professoryň ýolbaşçylygynda daňylary goýmak boýunça iş alyp barýarlar. Gatnaşyjylary harby-sanitar işi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, agşamlaryna ilkinji kömegi bermegiň we gany duruzmagyň usullary görkezilýän sapaklar geçirilipdir. Mundan başga-da, Turner harby meýdan hirurgiýasyny öwrenýän lukmanlara desmurgiýa boýunça sapak beripdir.

       Desmurgiýa we mehanurgiýa boýunça sapaklar hirurgiýa muzeýinde geçirilipdir. 1897-nji ýylyň fewralynda Turner konferensiýasynda 1895-nji ýylyň 18-nji martynda kabul eden Kararyny durmuşa geçirmegi baradaky habarnama gowşurýar. Onda desmurgiýanyň diňe bir aýry ders hökmünde okadylmagyny saklaman, eýsem, okuw meýilnamasyny giňeltmek, kliniki gospitalyň ýanynda ortopediki bölümi döretmek barada teklipler aýdylýar.

       Şikesleri bejermek we öňüni almak hirurgiýanyň esasy bolup durýar. Her bir hirurg trawmatologiýanyň we ortopediýanyň esaslaryny öwrenmelidir. Bu ugurda nazary we amaly bilimler bolmasa, dürli şikesleri bejermek kyn bolar.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş we anylaýyş merkezleriniň maddy-tehniki binýady has kämilleşdirilýär we dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Munuň şeýledigini, Aşgabatda, welaýatlarymyzda täze saglygy goraýyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi we ol ýerde zähmet çekmek üçin has kämil enjamlaryň oturdylmagynyň özü-de, aýdyňlygy bilen görkezýär. Dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän sagaldyş merkezleri, sport merkezleri we medeni dynç-alyş zolaklary ynsan saglygyny berkitmekdäki anyk ädimlerdir. Şeýlelik-de, ynsanyň beden saglygy, rahatlygy, ruhy kämilligi gazanylýar.

       Şeýle merkezleriň biri-de, Şikesleri bejeriş halkara merkezidir. Ak şäherimiz Aşgabadyň bir künjegini bezäp duran ak mermerli binada ähli şertler bar. Bu ýerde ynsanyň saglygyna zeper ýetirýän ýagdaýlary anyklamaga, olary dessine dikeltmek üçin bejermäge we raýatlaryň saglygyny dikeltmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Hususan-da, merkezde ortopediýa, neýrohirurgiýa, şikesleri bejeriş, torakoabdominal, ýanyk keselleri bejerýän, güýçli depginde bejeriş, ýagny reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Näsaglaryň ýatymlaýyn otaglary rahat we amatly ýerleşdirilipdir. Ol ýerde näsaglary aýratyn şahsy gigiýena gözegçiliginde saklamaga şertler döredilýär.

       Mahlasy, türkmen lukmançylygy ösüş ýolunda. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli okuw binýadynda trawmatologiýa we ortopediýa boýunça geljekki kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda professor-mugallymlar jan aýaman zähmet çekýärler. Olar öz gezeginde Gahryman Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp, geljegiň hatyrasyna, sagdyn, berk bedenli, kämil we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň hatyrasyna özleriniň ylmyny, giň dünýägaraýşyny we ylmy garaýyşlaryny ýaş hünärmenlere çuňlaşdyryp öwredýärler.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy, ýaş alym.

Öňki makala

SEULA SYÝAHAT

Indiki makala

BAGT ŞÄHERI ARKADAG

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI