Dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Günorta Koreýa we onuň paýtagty Seul özüniň özboluşly binagärlik aýratynlyklaryna eýe bolan desgalary bilen ünsi özüne çekýär. Seul şäherini «köşkler şäheri» diýip atlandyryp bolar. Bu ýerde şöhratly taryhdan söz açýan köşkleriň ençemesi jemlenýär. Köşklere syn edip, koreý halkynyň geçmişi, däp-dessurlary, baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarsyň. Şeýle-de, şäher ylmyň-bilimiň we tehnologiýalaryň ösen şäheri hasaplanýar. Bu ýerde ýokary tehnologiýalar dogrusynda nazary bilimleri berýän köp sanly bilim ojaklary bardyr. Şulardan ugur alsak, jahankeşdeler bu künjeklere aýratyn gyzyklanma bildirýär. Geliň, indi Seula syýahata başlalyň!
Şäheriň demirgazygynda ýerleşýän köşkler toplumydyr. Bu ýer paýtagtdaky iri bäş köşgüň biridir. Özboluşly topluma syn etseň, asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar. Owadan tebigat bilen koreý medeni mirasynyň sazlaşygy emele gelip, özüniň gözelligi, taryhylygy we syrlylygy bilen bada-bat ünsi çekýär. Köşk garawullarynyň çalşyrylýan künjegi iň bir täsir galdyrýan ýeridir. Şeýle-de, toplumda merkezi girelge, tagt ýerleşýän zal, tebigatyň özboluşly pursady bolan Kýonhweru pawilýony ýerleşýär. Köşgüň desgalaryny doly synlamak arkaly, biraz wagtlyk taryha gaýybana syýahat edýän ýaly bolýarsyňyz.
Şeýle derwezeleriň birnäçesine Seulda gabat gelmek mümkin. Olaryň birinjisi «Tondemun» diýlip atlandyrylýar. Ol «Beýik Gündogar derweze» manysyny berýär. Şäheriň özboluşly nyşany bolup, ýerli halkyň hakydasynda açykgöwünliligiň, parahatçylygy söýüjiligiň nusgasy hökmünde ornaşandyr. Bu derweze Çonnogu sebitinde ýerleşýär. Ikinjisi, ýerli halkyň dilinde «Namdemun» ýa-da «Sunnemun» diýlip atlandyrylýar. Ol «Beýik Günorta derweze» manysyny berýär. Özboluşly taryhy janlandyrýan we koreý halkynyň iň oňat häsiýetli aýratynlyklarynyň alamatlary bolup durýan bu derwezeleriň ikisi-de diňe bir halkyň däl, jahankeşdeleriň hem uly gyzyklanma bildirýän gözel künjekleridir.
Lotte World – özboluşly we köpöwüşginli seýilgäh bolup, islendik ýaşdaky adamlaryň wagtlaryny manyly we gyzykly geçirmegi üçin täsirli iň bir gelim-gidimli künjek bolup durýar. Bu medeni-dynç alyş seýilgähi diňe bir Aziýada däl, bütin dünýäde meşhurdyr. Ol Seuluň buýsanjy hasaplanylýar. Dürli tomaşalar, güýmenjeler we köpöwüşginli panorama bu ýere gelenlere ýatda galyjy pursatlary bagyş edýär. Bu ýer dynç alyş günlerinde, baýramçylyk günlerinde has-da şatlyk-şowhuna beslenýär. Täsin seýilgäh Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun aldy.
Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri,
TMÝG-niň işjeň agzasy.