BAGT ŞÄHERI ARKADAG

Paýhasyndan binýatdyr, beýik merdi-merdanyň,

Şol ýoly dowam edýär Arkadagly Serdarym,

Ägirt mertleň pähminden rowaçlanyp gün saýyn,

Döredi täze şäher, şeýle ajap görke baý,

Dünýä şuglasyn saçýan, bagt şäheri Arkadag.

 

Ösen sanly ulgamly, binalarnyň gurluşy,

Kämil hem, has döwrebap ymaratlaň iç-daşy,

Päk uçmah ýere inip, gonan deýin bagt guşy,

Goýnunda toýdur, baýram şeýle şowhun bagta baý,

Dünýä şuglasyn saçýan, bagt şäheri Arkadag.

 

Goýnunda Köpetdagyň ümmülmez bir umman deý,

Bereketli baharda, giň Garagum güllän deý,

Aýna ýaly ýollaryň joşup akan derýam deý,

Kaşaň-kaşaň binalaň, gözellige görke baý,

Dünýä şuglasyn saçýan, bagt şäheri Arkadag.

 

Gadym oguzlaň kendi, bu gün gülläp lälezar,

Gözel keşbi ýurduň däl, dünýäň görkün täzelär,

Şany äleme dolan, bu ýer aýdym, saza baý,

Bagtyýar gujagynda çyn sungata sarpa bar,

Dünýä şuglasyn saçýan, bagt şäheri Arkadag.

 

Dowamat dowam bolup, şan ge:tir bu Watana,

Bu juwan gözel şäher meňzeş synmaz sütüne,

Ýaşlaň geljegi sende, ak ýol sen bagt atyna,

Sende üstünliklere ynamlaryň berki barki bar,

Dünýä şuglasyn saçýan, bagt şäheri Arkadag.

 

Şageldi SALYHOW.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň

Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 178 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 121 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

07 Noýabr 2025 | 108 okalan

NARYŇ PEÝDASY BARADA