AKYLLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

     Dünýäniň 1000-den gowrak şäheri «Akylly şäher» maksatnamalaryny durmuşa geçirýär we köp sanlysy eýýäm ulanylýar. Her ýyl «Smart city index» dünýäniň iň akylly şäherleriniň sanawyny çap edýär we älem giňişligine ýaýradýar. Singapur sanawyň reýtinginiň başyny çekýär. Degişlilikde, sanawyň dowamyny Sýurih we Oslo şäherleri düzýär.

     SINGAPUR. 6 milliona golaý adam ýaşaýan bu täsin şäherde birnäçe ýyllar ozal ulaglaryň dyknyşygy we ýollarda döreýän päsgelçilikler gaýragoýulmasyz meseleleriň hatarynda orun alýardy. Hünärmenler bu meseläniň hötdesinden gelip, bu şäherde «smart city» taslamasyny amala aşyrdy. Taslamada ilkinji seredilen çözgüt – şäheriň ulag akymlarynyň awtomatlaşdyrylmagydyr. Duýgur ekranlar arkaly sebitde ulag dyknyşyklary seljerilýär we ulag akymy kadalaşdyrylýar. Bu şäherde ýene-de bir täsin tehnologiýanyň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Ýaşy gartaşan adamlar ýa-da näsaglar kömek soramak üçin öz ýanlarynda düwmeler göterýärler. Bu bolsa, zerur bolan ýagdaýynda, gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge ýardam berýär.

     Şäheriň köçeleri dürli yşyklandyrylan hereketlendirijilerden doly. Hereketlendirijilere ornaşdyrylan enjamlar arkaly howanyň hilini, suwuň derejesini, ýagyşlary ölçäp bolýar. Muny adamlaryň ýüz keşbi bilen anyklamak mümkindir. Maglumatlaryň uly akymynyň adamyň nerw ulgamynyň kömegi bilen derňelýändigi bolsa has-da täsindir. Ýeri gelende bellesek, şeýle taslama Gollandiýanyň Tilburg şäherinde amala aşyryldy. Ulgam çyglylyk, temperatura, basyş arkaly suw we howa baradaky maglumatlary toplaýar. Maglumatlar «Smart city» programmasy arkaly şäheriň esasy gulluklaryna ýetirilýär. Bu bolsa, amatly şäher gurşawyny döretmäge, howa we suw üýtgeşmelerini öňünden bilip, degişli çäreleri görmäge ýardam berýär. Şeýle taslamanyň bolsa, Sinagapur şäherinde doly ornaşdyrylandygyny bellemek isleýäris.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY