Ýurdumyzda her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda döwletimizde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi, halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda anyk we netijeli ädimdir. Saglyk – ynsanyň gymmatly baýlygydyr. Şundan ugur alsak, bu babatda sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, sport bilen meşgullanýanlaryň sany bu günki gün barha artýar. Sport indi halkymyzyň asylly ýörelgesine öwrülýär.
Sport bu diňe bir bedeniň kämilleşmegi däl, ruhuň hem kämilleşmegidir. Ruhy kämillik ynsana her bir güni bagtyýar we ruhubelent garşy almaga mümkinçilik berýär. Sport bilen meşgullanmagy asylly endige öwren türkmenistanlylar sagdyn-durmuş ýörelgelerini hemra edinip, üstünlige ymtylýarlar.
«Sagdyn bedende – sagdyn ruh» ýörelgesini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň bagtly geljegini sagdyn jemgyýetde görýär. Şeýle jemgyýeti gurjak ýaşlardyr. Çünki ýaşlar biziň geljegimizdir. Ýaşlaryň berk bedenli, kämil, sagdyn we ruhubelent bolmaklary ugrundaky aladalar hem sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň anyk ädimleridir. Sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy-da, ýaş nesilleriň ýokary aň düşünjeli, berk bedenli, kämil we ruhubelent bolmagy ýaly öňde goýlan asylly maksatlar bilen bagly bolsa gerek. Munuň üçin bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda turuwbaşdan sporty ösdürmek, onuň at-abraýyny artdyrmak bilen, halkara giňişliginde ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýokary derejelere galdyrmak ugrunda bimöçber aladalar edýär. Gysga taryhy döwrüň içinde ak mermerli paýtagtymyzda, welaýatlarda atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň soňky talaplaryna laýyk gelýän haýran galdyryjy täsin Olimpiýa şäherjigi guruldy. Şeýle desgalarda türkmen sportuny belende galdyrjak ýaşlaryň mekdebi kemala gelýär.
Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.