Adamyň eşidiş, görüş we ys alyş duýgulary bar. Bu günki gün şäherler hem adaty däl duýgulara eýedir. Bu täsin, emma janly hakykat. «Smart city» diýilýän döwrümiziň täsirli hakykaty. «Akylly şäher» düşünjesi ilkinji gezek geçen asyryň ahyrlarynda, IT tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylyp başlanan wagtynda döräpdi. Ilki bilen, bu taslama daşky gurşawy adamlaryň weýran ediji täsirlerinden goramak üçin mümkinçilik bolupdy. Häzirki wagtda bolsa, täsin bir tehnologik mümkiçiliklere eýe aýratyn bir hakykaty özünde jemleýän şäherler döredi.
Taryha nazar salsak, 2019-njy ýylyň ýazynda italýan arhitektory Stefano Boeri mümkin boldugyça, ekologiýa taýdan arassa bolmak üçin döredilen Kankun şäheriniň golaýynda akylly tokaý şäherini döretmek meýilnamalaryny hödürledi. «Smart Forest City Cancun» 557 gektar meýdanda gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu täsin taslama üçin ussat landşaft arhitektory Laura Gatti tarapyndan saýlanan köp sanly agaç we gyrymsy agaçlary öz içine alýan 7,5 million görnüşli ösümlikler gönükdirilýär. Boeriň pikirine görä, bu täsin künjek tebigat bilen şäheriň birleşen ekoulgamyna öwrülmek bilen, daşky gurşawa ýaramaz täsiri ep-esli azaldyp, tebigatyň janly ýaşyl ýaşaýşyna öwrülýär. Bu ýerde jemgyýetçilik seýilgähleri, baglary hem-de ýaşyl üçekleri özünde jemlejek ýaşyl tebigat emele gelýär.
Taslama görä, akylly şäherde maglumatlary dolandyrmak, raýatlaryň şahsy durmuşyna hormat goýmak bilen, şäher durmuşynyň dürli taraplaryny gowulandyrmaga hyzmat edilýär. Şeýle-de, keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy we energiýanyň mümkin boldugyça netijeli ulanylmagy maksat edinilýär.
Bu ýerde jahankeşdeler we ýaşaýjylar üçin gezelenç etmek mümkinçiligi döredilýär. Bu ýere baranlarynda, şahsy awtoulaglaryny şäheriň eteginde goýup, diňe jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat etmäge mümkinçilik döredilýär.
Taýýarlan: Annagözel GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
44-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.