HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!

     Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tamamlanyp barýar. Bosagada — Täze, 2024-nji ýyl. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherleri we obalary ösýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Türkmenistanlylaryň netijeli zähmeti we döwrebap dynç alşy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň birnäçe künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr.

     Her birimize buýsançly wakalarydyr beýik ýeňişleri peşgeş beren 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyz şan-şöhrata beslenjek 2024-nji ýyly garşy almaga taýýarlanýar. «Aşyklaryň şäheri» häzirki wagtda bezelen Täze ýyl arçalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri, seýilgählerdäki we ýollardaky dürli öwüşginli çyralary bilen hemmeleri haýrana goýýar. Bu görnüşler adamlara täze ýyl şatlygyny bagyşlaýar. Täze ýyl baýramçylygy, adatça, maşgala bolup bellenýär. Maşgalanyň agzybirligi hem-de bagty üçin arzuwlar aýdylýar. Täze ýyl baýramynyň barha ýakynlaýan günlerinde paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky söwda merkezlerinde we bazarlarda ilat üçin guralýan dürli önümleriň söwdalary, medeni çäreler halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda haryt köpdürliligini, bahalaryň elýeterliligini gazanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

 

Bahar Orazowa

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI