ÝAŞLAR – WATANYMYZYN GELJEGI

    Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýagny, 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan taryhy wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi bu ýylyň mynasyp jemlenmesiniň özboluşly beýanyna öwrüldi. Çünki, bu ýylda hem ýurdumyzyň dürli ugurlarynda ösüşleriň dünýä ýaýylmagynda giň gerimli işleriň, täze sepgitleri nazarlaýan özgertmeleriň amala aşyrylmagynda ýaşlaryň mynasyp goşantlary bar.

     Ýurdumyzyň häzirki ösüş döwrüni Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaşlar hakyndaky aladalaryň dabaralanýan zamanasy diýip buýsanç bilen aýdyp bolar. Sebäbi, bagtdan paýly biz ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz, Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmekde, özgertmekde, döretmekde we gurmakda jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagymyz üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň şaýady bolýarys. Ýokary netijeler bilen jemi jemlenýän 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlaryň ýörite sylaglara, serpaýlara  mynasyp bolmagy hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara zehin we sport bäsleşiklerinde mynasyp orunlary eýeleýändiginiň, ylmyň derwaýys meseleleri babatynda temalar bilen ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşýandygynyň, mynasyp zähmetleri bilen aýratyn tapawutlanýandyklarynyň aýdyň beýanydyr. Şol bir wagtda, 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň hususan-da, medeniýet we syýahatçylyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň tassyklaýar.

     Mälim bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlykda türkmen Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlyklarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyz tarapyndan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleriň yzygiderli, tutanýerlilik bilen ýerine ýetirilýändiginiň, döwletimiziň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylmagynyň esasynda hem halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş maksatnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini nazarlaýan türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň durýandygy bellenilmäge mynasyp. Häzirki zaman şertlerinde diňe bir halkymyz däl eýsem, dünýä jemgyýetçiligi sebit, halkara giňişliginde amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarda Bitaraplygymyzyň örän uly täsiriniň we ähmiýetiniň bardygyna doly göz ýetirdi. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygy milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden taplanyp gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zaman röwüşdäki beýanyna öwrüldi.

     Parahatçylyk, bitewülik, birek-birege ynanyşmak medeniýeti ýaly pelsepewi garaýyşlarymyz, ynsanperwer ýol-ýörelgelerimiz milletimiziň ähli edim-gylymyna, aň-paýhasyna ornap, adamzat tarapyndan ykrar edilen ruhy-ahlak gymmatlyklar hatarynda mynasyp orun aldy. Adamzada bagyş edilen şeýle oňyn ýörelgelerimiziň hemmesi hem halkymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly halk dessanlarymyzyň, aýdym-saz, tans sungatymyzyň, haly, zergärçilik, atçylyk sungatymyzyň, mahlasy milli medeniýetimizi emele getirýän baý mirasymyzyň süňňüne siňendir. Munuň özi, bu düşünjeleriň halkymyzyň aň-paýhasynda, ruhy äleminde, durmuş tejribesinde taraşlanan, taplanan, müňýyllyklaryň dowamynda döwleti dolandyrmagyň ençeme ugurlarynda ykrar edilen ýörelgeler bolup durýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin bagtyýarlyk zamanamyzda hem döwlet gurmagyň, döwleti dolandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähli ugurlarynda milli medeniýetimiziň esasyny düzýän şeýle gymmatlyklarymyza ýüzlenmek bilen, olary Zeminiň bitewüligini saklamakda, halklary dost-doganlyga çagyrmakda baky Bitaraplyk syýasatymyzyň üsti bilen dünýä ýaýýarys. Dünýä halklaryny bu ýörelgelerden ugur alyp, bitewülige, agzybirlige, jebislige çagyrýarys. Şeýle asylly, oňyn ýörelgelerden ugur alýan türkmen halkyna, ata Watanymyza dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilip, Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa boýunça sebitiň syýasy, ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi. Döwletimiz sebit we sebitara hyzmatdaşlykda global meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, ýer ýüzündäki islendik ýagdaýyň parahatçylykly serişdeler we ynsanperwer gatnaşyklar, syýasy-diplomatik ýollar bilen kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Bitaraplygyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen birnäçe teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de olary BMG-niň belent münberinde çykyş etmek arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürleýär. Halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýän, dünýäde parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň şeýle başlangyçlary, teklipleri uly goldawa eýe bolýar.

     Hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki wagtda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir. Çünki ösüşiň mazmunynda her bir halkyň dünýä bagyş eden gymmatlygy geljek üçin döredijiligiň we paýhasyň ynamly sütüni bolup durýar» diýip bellemek bilen, baky Bitaraplygyň jemgyýetçilik-syýasy gymmatlygy bilen birlikde, her bir halkyň dünýädäki ösüşiniň esasynyň öz milli gymmatlygyny ösdürmekden başlanýandygyny öňe sürýär. Halkymyzyň umumadamzat medeni ösüşine uly täsir eden Margiana, Parfiýa, Beýik Türkmen seljuk medeniýetlerini, Merwiň, Köneürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň heňňamlaryň bozup bilmedik taryhy-medeni ýadygärliklerini bütin dünýä tanaýar. Bu bolsa öz gezeginde dünýä bileleşiginiň halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna bolan söýgüsini artdyrýar, ynsanperwerlik, parahatçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Eziz Watanymyzda beýik işleriň amala aşyrylýan hem-de baý döredijilikli durmuşyň gaýnap-joşýan täze taryhy eýýamynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda dünýä bileleşigi bilen özara hoşniýetli gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, adamzadyň medeni-ruhy ösüşlerine, jemgyýetçilik-syýasy özgerişlerine täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde, baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýaly taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň ylmy-edebi miraslary häzirki zaman durmuşymyza ornaşdyrylyp, halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilik döredilýär. Bularyň ählisi, Bitaraplygymyzyň parahatçylyk ýörelgesini has-da dabaralandyrýar, many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Halkymyzyň adyl we asyl ýörelgelerini her bir işde adat edinip, adamzadyň röwşen ertirleriniň abatlygynyň binýadyny gurýan, Arşdan serpaýly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby.

Meňzeş habarlar