«BATHYZ» DÖWLET GORAGHANASYNYŇ MUZEÝINDE GURNALAN GEZELENÇ ÇÄRESI

        Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň we «Bathyz» döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Bathyz» döwlet goraghanasynyň muzeýine gezelenç çäresi guraldy.

        Ýaşlaryň medeni we taryhy ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan bu çäre «Biz taryhy öwrenýäris» ady bilen geçirilip, oňa Tagtabazar etrabynyň 27-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.

        Işjeň häsiýete eýe bolan gezelençde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de «Bathyz» döwlet goraghanasynyň muzeýiniň hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we olary wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzyň taryhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

        Gezelenjiň dowamynda okuwçylaryň goraghananyň muzeýinde aýawly saklanýan halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen tanyşmagy, olarda uly täsir galdyrdy.

        Gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Aknur GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Sentýabr 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Sentýabr 2025 | 26 okalan

MILLI MIRASYM — MIZEMEZ HORMATYM

13 Sentýabr 2025 | 152 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI