Golaýda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 29-njy orta mekdebinde etrabyň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hünärmenleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýollarda asudalygy saklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän degişli düzgünlere eýermek bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda köçe we ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin hem esasy zerurlykdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hojamyrat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.