MÄHIR DERÝASYNDA TERBIÝE MEKDEBI

       Perişde sypatly eneler hakynda söhbet edilende, aýdylmaly zatlar sanardan köpdür. Emma olaryň käbirleri has derwaýysdyr. Ýagny, dünýäde bir gözellik bar bolsa, onda ol ene kalbydyr, bir mähriban zat bolsa, onda ol ene ýüregidir, hiç wagt ganyp bolmajak owaz, ol mährem enäniň mylaýym hüwdüsidir. Çünki mukaddes käbä deňelýän enelerimiziň şirinden-şirin hüwdüleri ynsan kalbyna müdimilik ornandyr. Ak guş ýaly çagajyklar ýagty jahana gelenden soň, olaryň her biriniň azandan soň eşidýän owazy hüwdi bolsa gerek. Şonuň üçin çaga terbiýesinde bu ajaýyp hüwdülere örän uly orun degişlidir. Sebäbi her bir enäniň öz balasynyň, ylaýta-da, ogul perzendiniň Watan goragçysy, ynsaply, ilhalar, sözüne ygrarly, mert ýigit bolup ýetişmegi ýaly arzuwlary ajaýyp, mahmal owaza ýugrulan ene hüwdüsine siňdirilendir. Munuň şeýledigine, ussat şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» atly şygryny okan mahalyňda hem, göz ýetirmek bolýar.

 

       Epilýänçä bil, balam,

       Bir dilegim, bil, balam!

       Maňa köp zat gerek däl,

       Köpüň ogly bol, balam.

 

       Şahyryň bu goşgy setirleri häzirki wagt-da, halkyň uly söýgi bilen okaýan şygrydyr. Hat-da ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançaklaryň ýanynda hüwwäläp, öz balasyna mährini siňdirip oturan eneleriň iň köp ýerine ýetirýän hüwdileriniň biridir.

       Eger mährem enelerimiziň şirin owazly hüwdileri olaryň perzentleriniň arassa ahlakly, edep-terbiýeli nesil, kämil, belent şahsyýet bolup ýetişmeklerine özüniň oňyn täsirini ýetirýän bolsa, onda hakykatdan-da, ylla perişde ýaly, enelerimiziň maşgaladaky orny diýseň uludyr.

 

Mährijemal TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar