Energetika ulgamy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, döwletimiz bu ugurda işjeň halkara dialogyny işjeňleşdirmeklige uly ähmiýet berýär. Häzirkizaman halkara gatnaşyklary ulgamynda dünýä döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk uly depginler bilen ösýär. Çünki, ösen döwletleriň, ösüp barýan döwletleriň we has ösen döwletleriň ykdysadyýetleriniň we senagatlarynyň hereketlendirijisi energiýadyr. Ol ýa-da beýleki döwletiň öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny berjaý etmekleriniň hökmanylygy öz-özünden ýüze çykýar. Ýurdumyzyň şu meseleler boýunça çemeleşmeleri howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezlik ýörelgesine esaslanýar hem-de onuň geosyýasy we geoykdysady ugurlary, şeýle hem many-mazmun taýdan biri-biri bilen bagly bolup, özara şertlendirilýär. Türkmenistan uglewodorod çig malyny öndürmekde we olary dünýä bazaryna ýerleşdirmekde öňdebaryjy orunlary eýeläp, şeýle hem özüniň uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerine daýanyp, energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde yglan etdi. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn delillendirilen wajyp teklipleri diňe bir milli ösüşiň geljegini öz içine alman, eýsem, sebit we global derejeleriň mümkinçiliklerini-de göz öňünde tutýar. Bu teklipler dünýä energetika giňişliginde mynasyp goldaw tapýar. Hut şoňa görä-de, paýtagtymyz netijeli gepleşikleriň merkezine öwrülýär. Häzirki wagtda, turbageçirijileriň howpsuzlygyny gazanmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly ibermek möhüm meseleleriň hatarynda görülýär. Geçirilýän halkara derejeli duşuşyklaryň we forumlaryň esasy temasy hem bu meseleleri netijeli çözmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak we berkitmek barada bolýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda yzygiderli ýokary derejede geçirilýän halkara energetika maslahatlary bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, berkitmäge we özara tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyz energetika döwleti hökmünde, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny köpugurlaşdyrmak ýörelgelerini esasy ugur edinýän syýasaty alyp barýar. Munuň özi, bu boýunça ýurdumyzyň ornunyň barha pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär. Bu babatda, energetika diplomatiýasynyň kemala gelmegi we Türkmenistanyň bu diplomatiýany berkitmek boýunça ädimlere energetika giňişliginde ýurdumyzyň halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Mährijemal TOÝMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.