Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak babatynda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle asylly işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar, ýaşaýyş we edara jaýlary, nebit-gaz hem-de elektrik geçirijileri gurulýar. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde täze, döwrebap obalar hem şäherçeler döredilýär. Ata Watanymyzyň içerki syýasatynda ýurduň ykdysadyýetini, adamlaryň durmuş, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, dünýäniň iň wajyp meselelerini çözmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu işler türkmen halkynyň irginsiz zähmetine we döredijiligine esaslanýar. Her bir ýadawsyz zähmetiň aňyrsynda bolsa, raýatlarymyzyň Watanyna hem-de Gahryman Prezidentine bolan söýgüni duýmak bolýar.
Asyrlarboýy özboluşlylygyny saklap galan milli medeniýetimiz galkynýar, asuda türkmen halkynyň ruhy dünýäsi barha baýlaşýar. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler bolsa, deňiz-derýa, polat, howa hem-de gara ýollaryň alyslara uzaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzyň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi hem şeýle taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik döredýär. Şonuň netijesinde-de, Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda ulag babatdaky hyzmatdaşlygy ileri tutýar. Bitarap Watanymyzyň bu daşary syýasy başlangyjynyň oňlanmagy we amal edilmegi Türkmenistanyň taryhda Beýik ýüpek ýolunyň möhüm ähmiýetli bölegi bolandygy bilen berk baglanşyklydyr. Şol nukdaýnazardan hem häzirki wagtda, Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Aslynda ulag ýollary adamyň gan damarlaryna deňelýär. Sebäbi tebigatyň janly bedeniniň damar ulgamynda gan hereket edýär. Şonuň netijesinde-de, adam ýaşaýşyny dowam edýär. Ulag ýollary hem diňe bir aýlanyp durman, eýsem, ol öz baran ýerine ýaşaýyş, durmuş eltýär.
Ulag ýollary eziz Diýarymyzy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulandygyna hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu özgerişler Türkmenistanyň ylymda gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ugrunda amala aşyrýan umumadamzat bähbitli işlerinde ýüze çykýar. Şeýle özgertmeler ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk we syýasy ulgamlarynyň aýdyň geljegini kesgitleýär.
Dostlukly döwletleri birleşdirýän transmilli ulag we demir ýollary diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem Merkezi Aziýa, tutuş Ýewraziýa sebitleri üçin hem ähmiýetli möhüm ugurdyr. Bu halkara ýollar doganlyk halklaryň ösüşine gönüden-göni täsir etmeklik bilen, dünýä sebitleriniň we goňşy sebitleriň arasyndaky maliýe, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga giň ýol açýar. Şeýle-de, ulag üstaşyr geçelgeleri diňe bir täjirçilik taslamasy bolman, eýsem kontinentde parahatçylygy we howpsuzlygy, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär. Umuman aýdanyňda, halkara ulag geçelgeleri onlarça döwletleriň, millionlarça adamlaryň bähbidine hereket edýär.
Bizi bagtyýar ýollara alyp barýan we Watanymyzyň dünýädäki abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nurýagdy BAÝRYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň pensiýa gaznasy
bölüminiň pensiýa gatançlary bölümçesiniň başlygy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.