TÜRKMEN SPORTUNDA MEÝLETINÇILIGIŇ MILLI NUSGASY

     Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alyp, hünär endiklerini günibirin kämilleşdirip, Watanymyzyň şöhratly sahypalaryndan orun alan ýokary derejeli çärelere işjeň gatnaşyp, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkara derejeli ýaryşlary we dabaralary ýokary derejede geçirmekde meýletinçi- ýardamçylara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara sport baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek bilen bagly möhüm öňde durýan wezipeleriň biri hem, meýletinçi-ýardamçylaryň guramaçylyk-iş tertibini ýola goýmak we alyp barmak bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň milli tejribesi kemala geldi. Ýaş meýletinçileriň köpçülikleýin topary halkara olimpiadalara işjeň gatnaşýarlar. Soçi, Inçhon, Hytaý Olimpiadalarynda halkara tejribelerini artdyryp, nazary düşünjelerini baýlaşdyrýan meýletinçiler ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän halkara ýaryşlaryna hem işjeň gatnaşýarlar. Aziada – 2017, Awazada ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen windsörfing boýunça halkara ýaryşynyň tapgyrynda, şeýle-de, guşakly göreş boýunça Dünýä çempionatynda, Ralli ýaryşlarynda we beýleki halkara ýaryşlarynda türkmen meýletinçileri ýaryşyň bütin dowamynda bolup, daşary ýurtly türgenler we wekiliýetler bilen işleşip, tejribelerini artdyrdylar. Bu ýerde olar dürli ugurlar boýunça hereket etdiler. Myhmanlary garşy almak, ulag we kommunikasion hyzmatlar, söwda hyzmatlary, habar bermek, maglumatlar ulgamy, sahna meýdançalarynyň bezegleri, dabaralaryň guramaçylygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlar boýunça meýletinçi-ýardamçylar üstünlikli hereket etdiler. Meýletinçiler dünýä dillerini suwara bilmek bilen, dünýä medeniýetini çuňňur özleşdirmek bilen, bu ugurda nazary bilimleri alýarlar we amaly taýdan berkidýärler.

     Ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlarynda sport lybaslary bilen görk berip, meýletinçiler öz ugurlary boýunça mylakatlydan salyhatly, erjel, yhlasly, sabyr-takatly hereket edip, myhmanlary garşy almakdan başlap, ähli guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. Meýletinçileriň yhlasly we ýokary guramaçylykly hereketleri olaryň toplaýan bilim we tejribeleri geljekde öňlerinde goýlan wezipäni takyk amal etmekde saldamly goşant bolup durýar.

     Şunlukda, meýletinçiler öwrenen bilimlerine esaslanmak bilen, parahatçylygy özlerine şygar edinip, agzybir bolup, ýurdumyza gelýän sport wekiliýetlerini we myhmanlary güler ýüz bilen garşy alyp, olara ýokary derejede hyzmat edýärler. Bu babatda meýletinçilik medeniýetini ösdürmek we halklaryň medeni-ahlak gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksadynda okuw sapaklary dünýä dilleri bilen sazlaşykly esasda çuňňur öwredilýär. Daşary döwletlere guralýan okuw saparlary we ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli halkara ýaryşlary nazary bilimleri amaly taýdan berkitmekde uly mümkinçilikdir.

     Gelen myhmanlaryň her birinde güneşli Diýarymyz hakynda diňe ýyly, mähirli garaýyşlary öz ýurtlaryna alyp gitmegini we baranlarynda biz hakynda özlerinde galdyran ýakymly ýatlamalaryny buýsanç bilen beýan etmegini gazanmak meýletinçi-ýardamçylaryň ussatlygyna baglydyr. Bu ussatlyga diňe ýokary derejede taýýarlyk, yhlasly çemeleşmeler we öwrenmegi, özleşdirmegi we giňden peýdalanmagy ugur edinýän irginsiz gözlegler arkaly ýetip bolýar. Şonuň üçin, taýýarlygyň depginini birjik-de gowşatmazdan, meýletinçi-ýardamçylar Watanymyzda ösüşiň aýdyň ýolundan barýan sporty dabaralandyrmakda mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Meýletinçi-ýardamçy bolmak we öz ýurduňa mynasyp goşant goşmak bagtynyň her bir raýat üçin uly hormatdygyny, şol bir wagtyň özünde uly jogapkärçilikli wezipedigini asla-da unutmaly däldiris.

     Dünýä çempionatlarynda hem-de halkara ýaryşlarynda şeýle mümkinçilige eýe bolup, öz bilimlerini artdyran, tejribelerini çuňlaşdyran meýletinçi-ýardamçylar bildirilýän ynam we bimöçber aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çäksiz alkyş we hoşallyklaryny beýan edýärler. Geljekde hem, bellenilen wezipeleri ak ýürekden yhlasly amal etmekde ukyp-başarnyklaryny sarp edip we ösdürip, netijeli işleri alyp barjakdyklaryna ynandyrýarlar.

 

Mährijemal TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar