Türkmen tebigaty täsin we ajaýyp dünýä. Türkmeniň öz kalby ýaly arassa çölümiz, saçlaryny ýaýyp duran näzenin gyzlarymyzy ýada salýan sazakdyr selinlerimiz, howasy, tebigaty jana şypa Köpetdagymyz, syrlary asyrlara uzaýan Köýtendagymyz, däli Jeýhun adyny alan Amyderýamyz bar. Şeýle uly we ajaýyp baýlyklarymyzy, ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we guşlary gorap saklamak, köpeldip, soňra tebigata goýbermek barada ylmy we amaly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň diňe ösümlik dünýäsi däl, eýsem üýtgeşik haýwanlary hem, guşlary hem döwletiň we tebigaty goraýjylaryň ünsünden düşenok.
Biziň ýurdumyz ajaýyp guşlaryň mekany. Ýurdumyzda diňe bir owadan däl, eýsem seýrek duş gelýän guşlar hem bar. Musaçy ýa-da musyça diýip atlandyrylýan guşuň diňe Lebap welaýatynyň derýa ýakalarynda ýaşaýandygyny bellemek bolar. Türkmenistanda ýaşaýan guşlaryň sany köp, ýagny biziň ýurdumyzda 370-den gowrak görnüşli guşlar ýaşaýar. Bu guşlaryň 234 görnüşi höwürtgeleýän guşlar hasaplanýar. 117 görnüşi başga ýurtlara göçmän ýaşaýar. Olary goramak barada birnäçe Kanunlar çykaryldy. Türkmenistanyň goraghanalary hem Watanymyzyň tebigatyny, dürli guşlary goramakda uly işleri amala aşyrýar. Şeýle goraghanalaryň biri hem Sünt-Hasardag goraghanasydyr. Bu ýerde guşlaryň seýrek we şu sebitde duş gelýän görnüşleri saklanylýar we köpeldilýär. Bu goraghanada saklanylýan guşlaryň biri turaç guşudyr. Bu ýerde turajyň mäkiýanlary we horazlary saklanylýar. Turaç owadan guş bolup, ol gözellikde sülgün we käkilik bilen bäsleşýär. Bu guş häzirki döwürde seýrek duşýar. Turaç Etrek we Summar derýalarynyň kenarlarynda duş gelýär. Aýaklarynyň gyzyl reňki ony özboluşly görkezýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Turaç tili senada...» – diýip, ýöne ýere aýtmandyr. Turaç guşy mydama öz dilinden azara galýar. Sebäbi olar irden guşluga çenli, öýlän garaňky düşýänçä saýraýarlar. Bu bolsa, awçylara olary tapmaga we awlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda häzirki döwürde turaç guşy döwlet tarapyndan gorag astyna alyndy we «Gyzyl kitaba» girizildi. Bu guşy awlamak gadagan edildi.
Dünýä ýüzünde turaçlaryň 40-a golaý görnüşi bar. Olaryň göwresi ortaça ululykda bolup, agramy 400-550 grama barabar bolýar. Turaç guşy sowuga çydamsyz. Gaty sowuk bolanda olar köpçülikleýin gyrylýarlar. Şol sebäpli Sünt-Hasardag goraghanasynda turaç guşy idedilýär we tebigata goýberilýär. Turaç guşuny köpeltmek bilen, hususy görnüşde meşgullanýan adamlar hem bar. Turaç guşunyň owadanlygy, ýakymly owazy bu guşy öýlerde saklamaga bolan islegiň döremegine sebäp bolýar.
Şeýle ajaýyp, owadan guşlaryň mekany bolan Watanymyzyň asmanynda diňe guşlaryň owazy ýaňlansyn! Şonuň üçin biz guşlary goramakda görelde görkezmelidiris!
Mährijemal TOÝMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.