Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary galýar we dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Asuda Watanymyzyň şu günki üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan we onuň ýolbaşçylygynda agzybir çekilýän zähmetden gözbaş alýar. Durmuşymyzda üýtgewsiz hakykat bolup galan bu ajaýyp jümleler her zähmet adamsynyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge bolan hyjuwy döredýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýär. Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi, şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen, amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde döwlete dahylsyz pudagy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär.
Ykdysadyýetiñ ählumumylaşýan şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuňy tapmak meselesi ösüş ýoluny saýlan türkmen döwleti üçin uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýeti ösdürmegiñ döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiñ dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniñ ýörelgelerini giñden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryñ we täsirleriň döwletleriñ milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bular bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirilýär. "Açyk gapylar" syýasatynyñ üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagy, ýeñillikli salgyt syýasaty, ýeñillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işiniň hukuk esaslaryny dünýä ülñülerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Syýasy durnuklylyk, telekeçiligiñ döwlet tarapyndan goldanylmagy onuñ uzakmöhletleýin häsiýete eýe boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilige, hususyýetçilige berilýän ünsüň we ýardamyň netijesinde, hususy telekeçilik uly ösüşe eýe bolýar. Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ylaýta-da, telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldawlaryň berilýändigini görkezmegiň we telekeçilikde dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmagyň wajyp orna eýedigini aýratyn bellemelidiris.
Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!
Döwran KULBAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň pensiýa gaznasy
bölüminiň pensiýa gatançlary bölümçesiniň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.