Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
«Bu Türkmeniň goşa-goşa täji bar,
Biri Magtymguly, biri goşa tar».
Şahyr aýtmyşlaýyn, türkmen halkynyň başynyň täjine deňelýän bu goşa gudrat barada ýazmak, pikir ýöretmek hakynda gürrüň gidende, oýa batanyňy duýman galýarsyň. Çünki bu mukaddeslikler barada öz pikriňi beýan etmek üçin ele galam almak senden uly jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçin hem oturyp, oýlanyp, özüme has ýakyn bolan akyldar şahyrymyzyň «Magtymguly sözlerim saza goşsaň, uz bolar» diýen dürdäne sözlerine salgylanyp, beýik şahyryň her bir setrini gyzyla gaplaýmaly ajaýyp şygyrlarynyň halk bagşylarynyň dilinde türkmeniň ömürlik hemrasy bolan gara gazmasynyň goşa tarynyň mylaýym, mahmal owazyna goşulyp ýaňlanyşy, asyrlaryň dowamynda halypadan şägirde, dilden-dile geçip, şu günlerimize gelip ýeten, halkyň ýürek töründen müdimi orun alan ajaýyp aýdymlar barada söhbet etmegi makul bildim.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Şahyryň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrüldi, şol goşgy setirleri adaty adamlaryň durmuşyna pugta ornaşan ganatly sözlere we nakyllara öwrülip gitdi. Çeper söze diňe bir janly halk diliniň güýjüni, ýerlikliligini we baý beýan ediş serişdelerini däl-de, eýsem aňrybaş durmuşylyk, watançylyk sypatlaryny hem girizen Magtymguly türkmen edebi dilini altyn çaýylan «gandallardan» halas etdi. Ol bu döredijilik tebigylygyny dolulygyna öz halkyna gaýtaryp berdi» diýip, danalyk bilen belleýşi ýaly, halkymyz şahyryň her bir sözüni doga kimin garbap alyp, oňa ýürek töründen orun berdi. Çünki halkymyz köp wagtdan bäri şeýle çyn ýürekden çykan söze garaşýardylar. Bagşylarymyz bolsa, bu ajaýyp goşgulary saza goşup, asyrlaryň dowamynda halkymyza ruhy lezzet paýlap geldiler.
Dogrusyny aýtsak, Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Ussat halypalarymyz beýik şahyryň goşgularyny halk heňlerine salyp, özleri hem olara laýyk heň döredip, onuň ähli goşgularyny diýen ýaly aýdyma öwürdiler. Sebäbi akyldar şahyryň goşgularynyň dili ýeňil, onuň islendik goşgusyny alsaňam, saza gelip dur. Şu ýerde birnäçe mysallary getirsek, ýerlikli bolar diýip hasaplaýan.
Ussat halypa, mukamçy kompozitor Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň naýbaşy aýdymlaryndan (aslynda onuň aýdymlarynyň ählisem biri-birinden kem däl) ýekejesini mysal getireliň. «Ýusup owgan» atly meşhur sazy hemmämiz bilýäris. Ana, şol saza beýik şahyrymyzyň «Bu gün» atly goşgusyny salyp, şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetirdi welin, şol ajaýyp aýdym ýüzüge gaş goýan ýaly henize çenli bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. Ol aýdym estrada aýdymçylarynyňam söýgüli aýdymyna öwrüldi.
Bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň şahyryň sözlerine döreden «Istemen» atly aýdymy hem şeýle aýdymlaryň biridir.
Türkmenistanyň halk bagşylary Gaýgysyz Çaryýewiň «Ili gözlär» aýdymy, Hommat Jelilowyň bolsa «Başdan dogrusy» aýdymy hem bal bilen sary ýag garyşan ýaly saza goşulyşyp, halkyň ýüreginden baky orun aldylar.
Ussat halypamyz Baýar Baýramow şahyryň «Bilmezmiň» atly goşgusyny «Çoh derde goýan ýarym» atly heňe salyp, ajaýyp aýdym döreden bolsa, ýene bir halypa bagşy Akjagül Myradowa «Dünýe sen» diýen goşgusyny «Ýow bagşy» atly halk mukamyna, «Ölmesden burun» atly şygryny bolsa, «Dady heý» heňine goşup, aýdan aýdymlary bilen halkyň uly söýgüsini gazandylar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Daşoguz sebitleriniň toýlary dessansyz geçenok. Bir wagtlar uzak gijeläp, tä daň agarýança bagşy aýtdyrylypdyr. Ine, şeýle toýlarda ilkagşamdan başlan bagşy 3-4 sagatlap tirme aýdymlary aýtmaly bolupdyr. Şonda şol tirme aýdymlaryň arasynda dessandaky aýdymlary aýtmandyrlar (bir aýdymy iki gezek gaýtalamaz ýaly). Şeýlelik bilen, bagşylar gijäniň ýaryna çenli, Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýdypdyrlar we şondan soňra dessana düşüp, dessanyň içindäki aýdymlar bilen toýy dowam etdiripdirler. Şu mysalyň özem bagşylaryň ussat şahyryň goşgularyny şeýle höwes bilen, ürç edip aýdandyklaryna şaýatlyk edýär.
Beýik akyldaryň goşgularyna diňe bir türkmen bagşylary däl, eýsem doganlyk ýurtlaryň ussat ýerine ýetirijileri hem ençeme aýdym döretdiler. Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Kamiljan Atanyýazowyň şahyryň goşgularyna döreden «Otur-turuşyn görüň», «Aýrylma», «Aşyk bolmuşam» ýaly ajaýyp aýdymlary türkmen halkynyň söýgüsine mynasyp boldy. Ussat şahyrymyzyň goşgularynyň doganlyk ýurtlaryň bagşylarynyň dilinde ýaňlanyşyny eşdeniňde, özüňi şeýle bir bagtly duýýarsyň, ony söz bilen beýan etmek mümkin däl.
Akyldar şahyrymyzyň goşgularyna aýdym döreden beýik halypalarymyzyň ýene biri Öwezgeldi Tekäýewdir. «Bady sabany görsem», «Weýran eýledi», «Daşy syndyrar» we ýene-ýene ençeme ajaýyp aýdymlary döredip, olary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halkyň beýik söýgüsine mynasyp bolan bu halypanyň aýdymlarynyň ählisi diýen ýaly Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen diýsek, ýalňyşmasak gerek.
Magtymguly ussadyň goşgularyna aýdym aýdyp, halky agzyna bakdyran ussatlaryň biride meşhur halypamyz Gurt Ýakupdyr. Bir oturulyşykda diňleýjileriň biri oňa şeýle sowal beripdir:
-Bagşy aga, sen Magtymguly şahyryň ähli goşgularyny ýatdan bilýäň diýýärler welin, şol rastmy?
Ussat bagşy maňlaý derini sylyp, bir owurt çaý owurtlandan soň, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryny getirmegi sorapdyr. Derrew şahyryň II tomluk kitabyny getiripdirler.
-Ine, inim, sen yzarlap otur diýip, iki kitabyň içindäki goşgulary saza goşup, aýdypdyr. Soňra mydama ýanyndan aýyrman ýören bir kitabyny uzadyp:
-Ýaňky kitaplarda hemme goşgusy ýokdur, munam diňle diýip, ol kitabam ýatdan aýdyp beripdir.
-Ine, şu ýokarda getirilen mysallaryň özem bagşylaryň ussat şahyra goýýan hormatynyň çäksizliginiň, «Biri Magtymguly, biri goşa tar» diýilýän goşa täjiň, goşa gudratyň aýrylmaz bir göwrediginiň subutnamasy dälmi eýsem. Sözümiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne sözlerini mysal getirmek isleýärin: «Magtymgulynyň taryhda bitiren, bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty onuň geçip barýan tükeniksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan, ýagty geljege ynamlar aýdymyny döredendiginden hem ybaratdyr».
Ine, bu gün şol nurlanyp görünýän säher, şahyryň «Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýip arzuwlan ajap eýýamy geldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda, türkmen halkynyň toýlary toýa ulaşýar. Bäş welaýat – bäş dogan bir supranyň başyna jem bolup, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp, göreş tutduryp, şeýle bir toý toýlaýar, oňa bütin älem-jahan haýrana galýar. Şu ýyl – 2024-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýuny dünýä derejesinde toýlarys. Bu bolsa, ussat şahyrymyza bütün dünýäde uly hormat goýulýandygynyň nyşany bolar.
Geçmiş taryhymyzda uly yz goýan beýik şahsyýetlerimizi, nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzy tirsegine galdyryp, olary dünýä tanatmak üçin şeýle sogap işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyz çäksizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz halkyny nurana, bagtyýar geljege tarap ynamly öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher
merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.