Ak mermerli Aşgabadyň milli äheň çaýylan döwrebap keşbi her bir ynsanyň, kalbyny joşdurýar. Onuň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähleri, täsin suw çüwdürimleri, dürli görnüşli güller bilen sazlaşykly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Gündizleriň nuranalygy, gijeleriniň öwüşginli şuglalary bilen köňülleri joşa getirýär. Ol gözellikler her bir adamyň arzuwlaryna ganat berýär, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsi we paýhasy daş-töweregimizi gurşap alan gözelligi duýmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalar döredilip, olarda owadan gülleriň örän köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we şäheri abadanlaşdyrmak boýunça iş alyp barýan degişli gulluklara yzygiderli ugradylýar. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygy we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, paýtagtymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gözel paýtagtymyza seýran edeniňde, saba säherler işe ugraňda biri-birinden gözel kaşaň binalary, dürli görnüşli gül-gunçalary, bagy-bossanlygy synladygyňça kalbyň owazyna ser salýarsyň. Şeýle ýakymly duýgulardan gursagyňy dolduryp ýola çykaňda ýaňy dogan günüň tyllaýy nuruna birgeňsi şugla saçýan mermer binalar özüne bendi eýleýär. Bu gözellikleri synlap, ýüregiň çuňlugyndan syzyp çykýan ak şäheriň aýdymyna diň salyp barşyňa ruhuň göterilip, göwnüň barha joşýar.
Seýilgähler paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşmak bilen, ilatyň dynç almagyna, wagtyny gyzykly geçirmegine, töweregi gurşap alýan gözellikden lezzet almagyna ýardam edýär. Ýaşyl zolaklar ulgamynyň döredilmegi adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda Aşgabat Aziýa sebitiniň hakyky merjenine öwrüldi. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda bagtyýar maşgalalaryň, çagajyklaryň gülki sesleri ýaňlanýar. Ýurdumyz gurmak, döretmek ýoluny sungat derejesine ýetirýär. Diýarymyz uly tutumlaryň, beýik işleriň iň bir gyzgalaňly hemem joşgunly alnyp barylýan merkezine öwrüldi. Ak mermer bilen örtülen köp sanly binalaryň, täze eýýamyň gözelligine görk goşýan ýaşaýyş jaýlaryň owadan keşbinde ynsan zähmetiniň dörediji güýji bar.
Şeýle gözel, asuda, abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutan tutumly işleri rowaç bolsun!
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.