Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda täze ýylyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmeginiň resmi derejesini alamatlandyrýan nyşanyň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinden Änew şäherine getirilmegi we şu mynasybetli joşguna beslenen dabaranyň geçirilmegi medeni çäreleriň başlangyjy boldy. Ýakynda Ahal welaýatyndaky Türkmenistanyň milli Ak bugdaý muzeýinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli «Gadymy Änew ak bugdaýyň Watanydyr» ady bilen maslahat hem-de sergi geçirildi. Bu maslahata we sergä jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir, işjeň agzalary, muzeý hünärmenleri, medeniýet, bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Sergide ene mamalarymyzdan gelýän milli el-işlerimiz, lybaslarymyz, şaý-seplerimiz görkezildi. Mundan başga-da muzeýde gadymy Änewiň taryhy depelerinden tapylan tapyndylaryň, gymmatlyklaryň müňlerçesiniň saklanylmagy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu maslahata we sergä gelen myhmanlar taryhy ýadygärliklere aýlanyp, baý taryhly halkymyzyň medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde nusgalyk tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljemal ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň kätibi.