HOZUŇ PEÝDASY

     Grek hozy beýniniň işini kadalaşdyrmakda adamyň bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirmekde peýdaly iýmitdir. Onuň düzüminde B witaminler toplumy, A, C, E, K, PP witaminleri bar. Ondaky askorbin kislotasynyň mukdary limonyňka garanyňda 50 esse köpdür. Şeýle-de bu iýmitiň düzüminde minerallardan sink, kaliý, magniý, ýod, fosfor, demir, kobalt bar.

     Grek hozy immuniteti güýçlendirmekde, ýatkeşligi ösdürmekde, gan aýlanşygyny we gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ganazlykda, galkan şekilli mäziň, içegeleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, sowuklama kesellerinde, süýji keselinde netijeli ulanylýar. Bu iýmit aýratyn hem göwreli aýallara we çaga emdirýän zenanlara, ýaşuly adamlara we türgenlere maslahat berilýär. Onuň düzüminde ýagyň köp mukdary saklanyp, günde 5-10 sany hozdan köp iýmek maslahat berilmeýär.

     Hozuň düzüminde gandaky gemoglobiniň mukdaryny artdyrýan mikroelementleriň biri bolan mis maddasy bar. Bu madda bedeni kadaly ýagdaýda kislorod bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Alymlar tarapyndan günüň dowamynda maňyz iýýän adamlaryň ganynda 12%-e çenli holesteriniň az bolýandygy anyklanyldy. Hoz beýleki önümler bilen goşulup, dermanlyk hökmünde giňden ulanylýar. Şolaryň arasynda bal bilen garylan hoz maňzynyň adam bedenine peýdasy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar