MAGTYMGULYNYŇ ESERLERI – DOST DOGANLYK KÖPRÜSI

     Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler indi birnäçe wagt bäri halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli şahyryň goşgularynyň, ol barada ýazylan eserleriň dünýä dillerinde neşir edilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň halklary jebisleşdirýän dost-doganlyk köprisidigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpa, dana şahyryň edebi mirasy we onuň dünýä edebiýatynda tutýan ägirt uly orny çeper wasp edilýär. Dana şahyryň umman ýaly çuň, daglar ýaly belent paýhas dünýäsi döredijilik äleminde gaýnap-joşýan adamlaryň ylham çeşmesidir. Magtymgulynyň eserlerini okap, göwni ganatlanmaýan, kalby joşmaýan adam ýok bolsa gerek. Ýöne şahyrlar üçin dana Pyragynyň paýhas dünýäsi has-da özüne çekijidir, ruhlandyryjydyr.

     Golaýda Türkiýe Respublikasynda filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buranyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada türk dilinde «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly kitaby 300 sahypadan ybarat neşirinde kitabyň söz ussadynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna niýetlenip ýazylandygyny, türkmen akyldarynyň döredijiligine halk agzybirligi, ýurt asudalygy hem-de Garaşsyz döwlet gurmak, ynsanperwerlik, halallyk, adalatlylyk ýaly umumy adamzat ähmiýetli düşünjeleriň eriş argaç bolup geçýändigini aýdyň belleýär. Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatyna ägirt uly goşant goşan danadyr. Halk arasynda aýdylyşyna görä, türkmen şahyrlarynyň ýygnanyşyklarynyň birinde döredijilik hakynda gürrüň edilende, Mämmetweli Kemine: «Söz meýdanynyň oragyny Magtymguly orup gitdi, indi bize hoşasyny çöpläýmek galdy» diýipdir diýilýär. Dana Magtymguly umumadamzat derejesinde pikirlenip, derwaýys pikirleri aýdyp bilipdir. Şonuň üçin dünýä halklarynyň arasynda abraýy belentdir.

     Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, beýik şahsyýetlerimiziň bitiren işlerini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Rejepnur ATAÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar