Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlary ebedi şöhratlandyrylýar. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran köp sanly şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary hakydalarda baky ýaşaýar.
Şeýle ägirt zehinleriň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Ol türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan we düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr. Bu bolsa dünýäniň gadymdan gelýän ylym we bilim taglymatlaryny, medeniýetlerini hem-de sungatlaryny özünde jemleýän gadymy siwilizasiýa merkezleriniň hatarynda mynasyp orun alýan eziz Watanymyzyň keramatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi” atly şygar bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemine, onuň goşgy setirlerinde ýaşlaryň tutýan ornuna bagyşlanyp geçirilen söhbetdeşlige TMÝG-niň welaýat Geňeşleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň baý döredijiliginden habar berýän, terbiýeçilik ähmiýetli ajaýyp şygyrlaryny teswirleýän gyzykly çykyşlara giň gerim berildi.
Mundan başga-da, üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge görülýän taýýarlyk çäreler, şahyryň edebi-mirasyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny ýagty geljege tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Mahym SELIMOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.