Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat Geňeşleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýär. Şeýle-de, çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan eseri şu günki we geljekki türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ýankitaba öwrüljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, esasy üns «Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasyna» çekilip, onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlara dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi barada aýdyldy.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyryň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Täsirli geçen söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýnabat ATAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.