TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ MEKANY

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmenistanly türgenleriň ýokary netijeleri görkezip, dünýäniň sport giňişliginde ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilmeginiň netijesinde türkmen türgenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar, baýrakly orunlara we medallara mynasyp bolýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçiler hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ukyp-başarnyklaryny we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar.

     Sport barada aýdylanda ýurdumyzda sport hereketini ösdürmekde bimöçber aladalar edilýär. Halkara derejesinde türgenlerimiziň gazanýan netijeleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýäniň sport hazynasynda yz galdyran türkmen türgenlerini ýatlamak we olaryň gazanan ýeňişlerine mynasyp baha bermek işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa ýaş türgenlerimizi geljekde zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen sözlerini özlerine ýörelge edinýän ýaşlarymyz geljekde hem türkmen Tuguny belende galdyrarlar.

     Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Diýarymyzda dürli kärdäki we dürli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmegiň hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirýär. Sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň sport ulgamyna yzygiderli ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe sport babatdaky ylmy ösdürmek ýaly beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenilýär. Şeýle wezipeler gönüden-göni halkymyzyň saglygyny berkitmäge hem-de türkmen sportuny dünýäde öňde baryjy orunlara çykarmaga gönükdirilendir.

     Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Kuraş hem-de 2025-nji ýylda geçirilek Sambo boýunça dünýä çempionatlarynyň nusgalyk derejede bolmagy bilen bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň subutnamasyna eýe bolar.

     Türkmen sportunyň belende galdyrmakda ýurdumyzy ösüşiň belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumlary rowaç alsyn!

 

Laçyn ANNAORAZOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar