Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen edebiýatynyň öňbaşçysy Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ugur alnyp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýyly bolan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda beýik şahsyýetlerimize goýulýan sarpanyň belentdigini aýdyň subut edýär. Üstünden III asyr geçen hem bolsa akyldar şahyrymyzyň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütindünýäniň söýüp okalýan edebiýatlar hökmünde tanalýar. Şahyryň aýdyma öwrülen setirleri türkmen aýdymçy sazandalarynyň dilinden düşmän gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dana Pyragynyň döredijiligi bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, ýaşlarda döredijilige, edebiýata, geçmiş taryhymyza höwesi artdyrmak maksady bilen biz hem «Köňüller soltany Magtymgulydyr» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdik. Saýat etrabynyň Çagalar sungat mekdebinde guralan bu aýdym-sazly duşuşykda halypa we ýaş mugallymlaryň, öz hünärine höwesli zehinli aýdymçy, sazandalaryň, zehinli okuwçylaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Türkmen milli saz guraly bolan dutar bilen gyjagyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallaryň ajaýyp owazlary bilen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili akyldar, ussat Magtymguly Pyragynyň ýüreklerde orun alan ajaýyp goşgulary aýdyma geçirilip belentden ýaňlandy, şahyryň döredijiligi, ömür ýoly barada gyzykly söhbetler edildi. Duşuşykda halkyny baky bagtyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy. Biz ýylyň dowamynda şeýle täsirli, gyzykly döredijilik duşuşyklary, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris.
Aýjan ALLABERDIÝEWA,
TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.