TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz parahatçylygyň ygtybarly goragçysy hökmünde hormatlanýar. Türkmenistanyň özboluşly daşary syýasaty, onuň hemişelik Bitaraplygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan häzirki wagtda doly goldanylýar.  Şonuň netijesinde türkmen halkymyz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde dünýäde halkara guramalarynyň onlarçasy hereket edýär. Häzirki zaman halkara guramalarynyň içinde esasy orun Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) degişlidir. Birleşen Milletler Guramasy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr.

Biziň ýurdumyz bu gurama tarapyndan iki gezek Bitaraplygy ykrar edilen ýurtdur. Bu dereje biziň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, Watanymyzyň ertirki gününe ynamly garamakdyr, arkaýyn zähmet çekmek we erkana nesil ýetişdirmek mümkinçiligidir.

Bize ajaýyp täze taryhy döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Alyp barýan dünýä nusgalyk tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Şamyrat PIRMÄDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Meňzeş habarlar

30 Iýul 2025 | 38 okalan

GÖZELLIGIŇ NUSGASY

30 Iýul 2025 | 34 okalan

DOSTLUK ÝOLLARY AWAZA UZAÝAR