BEÝNISINE ÇIP OTURDYLAN ADAM PIKIRIŇ GÜÝJI BILEN KOMPÝUTERI DOLANDYRÝAR

     Beýnisine çip oturdylan ilkinji adam kompýuteriň «syçanjygyna» pikiriň güýji bilen erk etmegi başardy diýip, taslamany durmuşa geçiren «Neuralink» kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask habar berdi.

     «Öňegidişlik bar, näsag doly dikelene meňzeýär. Ol pikirlenmek arkaly «syçanjygy» ekranyň ýüzünde hereketlendirip bilýär» diýip, amerikaly işewür, milliarder Mask gürrüň berdi.

     Onuň sözlerine görä, enjamyň işi baradaky ilkinji maglumatlar köp zady wada berýär. Işewür çipiň ilkinji nobatda el-aýaklary ysmaýan adamlar üçin döredilendigini sözüniň üstüne goşdy diýip, «Reuters» habar berdi.

     Üstümizdäki ýylda şeýle operasiýalaryň ýene 10-syny geçirmek meýilleşdirilýär.

     Bu barada «MIR 24» ýazýar.

 

turkmenportal.com