RUSSIÝALY ÝAZYJY DARÝA DONSOWA IKI AÝDA ÜÇ KITAP ÝAZDY

     Russiýaly ýazyjy zenan Darýa Donsowa (Agrippina Donsowa) 25 ýyl bäri her aýda bir kitap ýazýandygyny gürrüň berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

     «Bu meniň iş düzgünim. Ýylda on iki kitap» diýip, ýazyjy zenan nygtady.

     Ol şeýle-de 2024-nji ýylyň başyndan bäri eýýäm üç kitap ýazandygyny habar berdi. Donsowa detektiw kitaplardan başga çagalar üçin kitaplary-da ýazýar. Ol kitaplaryny elde ýazýar, kompýuterden peýdalanmaýar.

     Donsowanyň 25 ýyllyk döredijilik ýubileýine bagyşlanan metbugat maslahatynda «Eksmo» neşirýatynyň dartgynly ýordumly edebiýat bölüminiň müdiri Ýewgeniý Solowýew onuň häzirki güne çenli 258 detektiw roman, çagalar üçin 20 sany kitap çap etdirendigini gürrüň berdi.

 

turkmenportal.com