TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

     Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

     Gepleşikleriň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellenildi. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Ynsanperwer ugurda ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

     Özara bähbitlilige we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi taraplaryň hoşniýetliliginiň aýdyň görkezijisi bolup, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak babatdaky maksatlaryny açyp görkezýär.

     Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

ORIENT news