Mälim bolşy ýaly, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şunda Aziýa sebitiniň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dünýäde ykdysady görkezijileri babatda öňdäki orunlara çykýan Hindistan bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Gadymyýetden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň ýaşlardan düzülen wekiliýeti Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardy. Şeýle çäreleri guramak başlangyjynyñ 2022-nji ýylda Hindistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde makullanylandygyny bellemek gerek. Birnäçe gyzykly medeni çäreleri özünde jemleýän bu Maksatnama Merkezi Aziýa döwletlerinden 100-e golaý ýaşlar gatnaşýarlar. Maksatnamanyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýaşlarynyň arasyndaky dialogy goldamakdan we berkitmekden ybaratdyr. Maksatnamanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hindistanyň medeniýeti we taryhy, milli aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşýarlar. Olaryň hatarynda Agra şäherinde ýerleşýän «Täçmahal» ýadygärligine guralan gezelenji aýratyn bellemek bolar.
Şeýle-de, düýn Ahmedabat şäherinde ýerleşýän Aziýada ilkinji Kazyýet lukmançylyk seljermesi ylymlary milli uniwersitetine guralan gezelenç çäresi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Uniwersitetiň ýolbaşçysynyň gürrüň bermegi esasynda uniwersitetiň alyp barýan işleri, hereket edýän fakultetleri bilen giňden tanyşylandan soňra, ýokary okuw jaýynyñ talyplarynyñ ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän çäreler Mart aýynyň 12-sine çenli dowam eder.
Gurban MYRADOW,
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň jogapkär kätibi.