2024-NJI ÝYLYŇ 11-13-NJI MARTY ARALYGYNDA AŞGABATDA TÜRKI DÖWLETLER GURAMASYNYŇ ÝAŞULULAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISI GEÇIRILER

     Türki Döwletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

     Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11-13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

turkmenistan.gov.tm