Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýurdumyzyň ýaşlarynyň ünsüni çekmek maksady bilen, «Owadan ýazuw» atly bäsleşigini yglan edýär
Bäsleşigiň maksady:
Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Owadan ýazuw» atly bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Bäsleşige ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ýaşlary, şol sanda mekdep okuwçylaryda gatnaşyp bilerler. Bäsleşik iki tapgyr boýunça – welaýat, şäher hem-de döwlet derejesinde geçiriler.
Bäsleşige gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň islendik bir goşgusyny A4 çap kagyzyna golýazma usulynda ýazyp, «Biznes reklama» gazetiniň salgysyna (Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý) ugratmaly.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Welaýat we şäher tapgyryndan öňe saýlanan ýaşlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ugradyljak bukjalar bäsleşigiň Düzgünnamasy çap edilen gününden kabul edilip başlanar. Bäsleşigiň birinji tapgyryna hödürlenilen golýazmalar 1-nji iýuna çenli kabul ediler we ýeňijiler eminler topary tarapyndan saýlanyp, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ikinji ongünlüginde jemleniler.
Bäsleşigiň döwlet tapgyry Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde geçiriler.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23-77-92
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99