Bedew at türkmeniň syrdaşy, ýakyn dosty, söweşlerde wepaly ýoldaşy bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Biziň milli buýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylşynyň şaýadydyr» diýip belleýär.
Ahalteke bedewleri türkmen bilen ömürdeş hasaplanylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda Köpetdagyň eteginde, türkmen tebigatynyň gözel ýerinde ýörite atçylyk toplumlarynyň gurulmagy, atçylyk sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda toplan durmuş tejribesini dowam etdirmäge, tohumçylyk işini ösdürmäge, ajaýyp türkmen bedewleriniň adyny dünýä ýaýmaga we onuň meşhurlygyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Baý hem köptaraply taryhymyza göz aýlasak, türkmen halkynyň durmuşynda bedew atlaryň ornunyň uly bolanlygyny has aýdyň görýäris. Türkmeniň batyr ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşygy barada ajaýyp nusgalyk eserlerimiz bar. Şol eserlerde atyň jan alyp, jan berlen pursatlarynda öz eýesine wepalylyk gatnaşygy örän ussatlyk bilen beýan edilýär. Halkymyzyň gadymy “Görogly” şadessanynda Gyrat Göroglynyň ömürlik ýoldaşy, hemaýatçysy, duşmanlara hötde gelmekde hem ar almakda, ýeňiş gazanmakda ýakyn kömekçisi bolup durýar. Şonuň üçin-de Görogly Gyratyna “Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde wepaly ýoldaşym” diýýär.
Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde häzirki zaman atçylygynda ulanylýan iň gowy enjamlar bilen doly üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi Arkadag Prezidentimiziň bedew atlara bolan belent sarpasyna şaýatlyk edýär.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesinde gurlan Aşgabat Olimpiýa stadionynda bina edilen bedew atyň heýkeliniň atyň iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, bu sport şäherçäniň esasy bezeg alamaty hökmünde bedew atyň keşbiniň saýlanyp alynmagy, şeýle hem bu taryhy sport oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli 17 sany ýigitden ybarat atly ýörişe badalga berilmegi hem ahalteke bedewleriniň türkmeniň durmuşynda hut şu günler hem uly orun tutýanlygyna şaýatlyk edýär. «Aşgabat 2017» oýunlaryna atly sport oýunlarynyň biri bolan konkur hem goşuldy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň sport oýunlaryndaky ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň bedew ata atlanmagy, ahalteke bedewlerine bagyşlanan çuňňur manyly ylmy-publisistik kitaplaryň birnäçesini ýazmagy hem biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde. Ýakynda Moskwa halkara kitap ýarmarkasynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriniň «Kitap sungaty» halkara bäsleşiginde 10 ugur boýunça gatnaşan 87 neşiriň içinden «Meniň ýurdum» atly ugur boýunça hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan» atly kitabynyň 1-nji baýrakly orna, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseriniň bäsleşigiň emin agzalarynyň ýörite diplomyna, «Gadamy batly bedew» atly kitabyna bolsa ýokary baha — Gran-pri baýragynyň berilmegi hem şatlykly habar boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň rus çaphanaçylarynyň hem-de neşirçileriniň «Gyzyl meýdan — 2017» atly uly forumynyň «2016-njy ýylyň iň gowy kitaby» atly ýörite diplomyna eýe bolandygyny hem aýtmak gerek.
“Nesil” gazeti,
16.09.2017ý.












