MAGTYMGULY DILLERIŇ SENASY – GARAŞSYZ DÖWLETIŇ TÜRKMEN BINASY

     Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütindünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

     Ynha şu gün hem, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly dilleriň senasy – Garaşsyz döwletiň türkmen binasy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Wagyz-nesihat çäresini Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary A.Akmämmedow alyp baryp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary D.Durdymuhammedow, Türkmenistanyň at gazanan Medeniýet işgäri şahyr O.Çaryýewa, “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy şahyr S.Haýdarow, “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy şahyr K.Hakberdiýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni A.Ataýew hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň bölüm müdiri M.Ataýew täsirli çykyş etdiler.

     Akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilen çäre beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has-da giňişleýin ýaýmaga, onuň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

 

Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.